BILIM

Talyp-2022: ýokary okuw mekdeplerinde täze ugurlar

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul ediş möwsümi başlandy. Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek 2022-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 26-njy awgusty aralygynda guralar, giriş synaglary bolsa welaýat merkezlerinde hem-de Aşgabat şäherinde geçiriler.

Täze okuw möwsüminde birnäçe täze ugurlar hem göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde habar berlişine görä, şu okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary) boýunça talyplar bakalawr maksatnamasy esasynda bilim alarlar.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda taýýarlanylýan hünärleri kämilleşdirmek boýunça degişli işler geçirildi. Pedagogika ylmynyň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrylan hünär standartlary we olaryň esasynda degişli okuw meýilnamalary işlenip taýýarlanyldy. Olaryň arasynda daşary ýurt dilleri we edebiýaty ugry boýunça pars dili we edebiýaty, iňlis dili mugallymy; hytaý dili we edebiýaty, iňlis dili mugallymy; nemes dili we edebiýaty, iňlis dili mugallymy; iňlis dili we edebiýaty mugallymy; rus dili we edebiýaty mugallymy; türkmen dili we edebiýaty mugallymy; taryh we jemgyýeti öwreniş mugallymy; geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary mugallymy; biologiýa we ýaşaýyş-durmuş esaslary mugallymy; himiýa mugallymy; fizika we informatika mugallymy; matematika we informatika mugallymy; bedenterbiýe mugallymy ýaly hünärleriň okuw meýilnamalary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirildi.

Şeýle-de bu ýokary okuw mekdebinde pedagogika bilimi (başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy), pedagogika bilimi (mekdebe çenli bilim we terbiýe) taýýarlygyň ugurlary boýunça bakalawrlar taýýarlanar.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda salgyt menejmenti; dünýä ykdysadyýeti ýaly täze ugurlar magistr maksatnamasy esasynda okadylar. Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe bazarlary we banklar ugry boýunça bakalawr maksatnamasy esasynda talyplara bilim berler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda seljeriş we strategik meýilleşdiriş; syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy; Gündogary öwreniş ýaly ugurlar magistr maksatnamasy esasynda; halkara hukugy bolsa bakalawr maksatnamasy esasynda okadylýar.

 

Şu ýyl 15 müňden gowrak talyp okuwa alnar

Ýene-de okaň

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Garward uniwersitetinde mugt okamak mümkinçiligi: maliýe kömegini giňeldilýär

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler