JEMGYÝET

Täjigistanda Magtymguly adyndaky mekdebiň düýbi tutuldy

Şu gün Duşenbede bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen bilelikde göni wideoaragatnaşyk arkaly dostlukly ýurduň Hatlon oblastynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň binasynyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär. 

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň 9-njy dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, beýik türkmen akyldarynyň adyny göterýän 540 orunlyk mekdebiň binalar toplumyny gurmak «Döwlet gurluşyk» hojalyk jemgyýetine ynanyldy. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen dabarada sözlän sözünde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow öz döwründe Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda agzalan mekdebi gurmak hakynda ylalaşygyň gazanylandygyny aýdyp, bu çözgüdiň iki ýurduň ynsanperwer, bilim ugurly gatnaşyklaryny giňeltmek we berkitmek, adamlaryň arasynda dostluga, birek-birege düşünişmäge ýardam etmäge gönükdirilendigini belledi.

Döwrebap tehnologiýalary, kompýuter enjamlaryny, kitaphanany, naharhanany, sport meýdançalaryny we beýleki düzümleri öz içine alýan bu orta bilim ojagynyň gurluşygy Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanyp, doganlyk täjik halkyna ynsanperwerlik kömegi hökmünde amala aşyrylar. Şu gün mekdebiň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli guralýan dabara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ylym-bilim, medeniýet, jemgyýetçilik wekilleriniň bir toparynyň Dusti etrabynda bolýandyklary hem iki halkyň dostlugyndan nyşandyr.

Maglumatlara salgylansak, häzirki wagtda Täjigistanyň çäginde türkmenleriň 25 müňe golaýy ýaşaýar. Bu ýurtda türkmen dilinde okadylýan mekdepleriň 5-si hereket edýär. Türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan Dusti etrabynyň çäginde Magtymgulynyň adyny göterýän mekdebiň gurulmagy bolsa hem doganlyk halklary birek-birek bilen has-da ýakynlaşdyrmakda, hem dostlukly ýurtda akyldar şahyryň mertebeli adyny ebedileşdirmekde örän ähmiýetli başlangyçdyr.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi