BIZNES

Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe-Ýewropa ulag geçelgesi işjeňleşdiriler

Täjigistan ulag pudagyndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine 6.3 milliard dollarlyk maýa goýumlary çekmegi meýilleşdirýär. Bu barada Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygynda çykyş eden Täjigistanyň ulag ministri Azim Ibrohim belläp geçdi.

– Ýakyn ýyllarda biz täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegi maksady bilen pudaga 6,3 milliard dollar maýa goýumlary çekmegi meýilleşdirýäris. Bu hem halkara ýük akymlarynyň artmagyna, integrasiýanyň netijeligini ýokarlandyrmaga we ykdysady ösüşiň gazanylmagyna ýardam eder – diýip, täjik ministri belledi.

Onuň bellemegine görä, Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe-Ýewropa ugurly ulag geçelgesini netijeli ulanmak babatda işjeň işler alnyp barylýar. Bu hem Hytaýyň serhedinden Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa sebitine aralaşmak üçin gysga ugurlaryň biri bolar.

Täjik ministri bu geçelgäniň Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine we sebitiň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygyny belledi.

Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekilýet gatnaşdy.

Şeýle hem duşuşyga Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýew we Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow gatnaşdy.

 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder