“Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe” multimodal ulag geçelgesi boýunça iş toparynyň ilkinji duşuşygy 21-nji sentýabrda Duşenbe şäherinde geçiriler. Bu duşuşyk Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň howandarlygynda geçiriler.
Täjigistanyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, guramanyň ulag ministrleriniň 11-nji mejlisinde kabul edilen “Ankara jarnamasyna” laýyklykda, “Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Türkiýe” multimodal ulag geçelgesi taslamasyny durmuşa geçirmek üçin ýokary derejede iş topary döredildi.
Iş toparynyň duuşygynda bu halkara üstaşyr ulag geçelgesi boýunça ýük gatnatmalaryň möçberini artdyrmak, deňze çykalgays bolmadyk ýurtlar üçin söwda amallaryny ýeňilleşdirmek ýaly meseleler boýunça pikir alşylar.
Iş toparynyň ilkinji duşuşygyna Eýranyň Demirýollar edarasynyň daşary söwda bölüminiň baş direktory Şahram Jafari, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Saýed Ruhola, Türkiýe Respublikasynň Ulag we infrastruktura ministrliginiň halkara gatnaşyklary bölüminiň baş direktorynyň orunbasary Aziz Aksu, Türkiýäniň Söwda ministrliginiň bilermeni Anil Ewmez, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň Halkara daşamalar we logistika blüminiň baş hünärmeni Sohiba Kodirowa, Özbegistanyň Ulag ministrliginiň ulag we logistika ösüşini öwreniji merkeziň uly hünärmeni Mahmudjon Tohirow, Türkmenistanyň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň logistika we ýük ugurlaryny marketing seljeriş bölüminiň ýolbaşçysy Begli Söýünow, Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Aýmyrat Şiriýew, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ulag we kommunikasiýalary boýunça direktory Akbar Hodai we guramanyň maksatnamasynyň ýolbaşçysy Uktam Şomurodowyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu geçelge Hytaýdan ýükleriň Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan we Eýranyň üsti bilen Türkiýä eltilmegine şert döreder.