DÜNÝÄ

Tailand ilçisi Türkmenistanda wezipesine girişdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Apirat Sugondhabhiromdan ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, halkymyzyň abadançylygyna, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem diplomata ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş ugurly giň gerimli özgertmeler, dürli ulgamlarda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde amala aşyrylýan milli we halkara taslamalar barada gürrüň berildi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ösdürilýän türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň meseleleri duşuşygyň aýratyn mowzugy boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Taýland Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Apirat Sugondhabhirom bilen duşuşygy geçirildi.

Ýene-de okaň

Nýu-Ýorkuň häkimi Mamdani kasam kabul etdi

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklygy kabul etdi

Beýonse milliarder aýdymçylaryň hataryna goşuldy

Türk aýdymçy: türkmen sahnasynda çykyş etmek örän ýakymly

Türkmenistanyň raýatlary üçin Hytaýa wiza almakda ýeňillik döredildi

Rus aýdymçynyň Aşgabatda şowhunly konserti geçirildi

Ata Watan Eserleri