DÜNÝÄ

Tähranda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bellendi 

2025-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäheriniň Azady meýdançasynda Türkmenistanyň baýdagy görkezildi. Baýdagyň görkezilmegi mahalynda ýurduň döwlet senasy ýaňlandy, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watan Türkmenistan” atly aýdymy ýerine ýetirildi.

Çäre Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan guraldy.

Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň, Tähranyň häkimliginiň, ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri, şeýle hem ýurduň ýerli ýaşaýjylary we bu meýdança gelýän syýahatçylar gatnaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan 3 aýda 520 sany halkara duşuşyklaryny geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar