SPORT

Tähranda Halkara Nowruz oýunlary geçirilýär

Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde Halkara Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda ilkinji gezek  geçirilýän Halkara Nowruz oýunlary sport bäsleşiginiň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Mokher gatnaşdy.

20 döwletden 500 töweregi türgen 3 gün boýunça sportuň 9 görnüşinde baýrakly orunlary gazanmak üçin bäsleşerler.

Bu halkara sport ýaryşyna Eýrandan, Ermenistandan, Owganystandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Yrkdan, Kuweýtden, Pakistandan, Özbegistandan, Indoneziýadan, Malaýziýadan, Tunisden, Russiýadan, BAE-den, Gazagystandan, Gruziýadan, Palestinadan, Tailanddan we Nepalda türgenler gatnaşyp, olar sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşerler.

Türgenler ýeňil atletika, konkur, çogan, karate, kabbadi, kiçi futbol, pauerlifting, gylyçlaşmak we dzýudo ýaly sport ugurlarynda medal gazanmak üçin öz güýjüni synarlar.

Sport ýaryşy 11-nji martdan başlap, 3 gün dowam eder.

Ýene-de okaň

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygy: «Nusay» nyşanly sport köýnekleri çykarylar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine täze ýolbaşçy saýlandy

Nani Gazagystanda oýnar

Ronaldo futbol bilen hoşlaşýarmy?

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri