SIZDEN GELENLER

Syýahatçylyk pudagy ösüş ýolunda

Häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň tebigy-syýahatçylyk we taryhy-medeni mümkinçilikleri, baý milli däpleri we olaryň özboluşlylygy syýahatçylyk pudagynyň ösüşiniň möhüm ugurlary bolup durýar. Munuň özi, ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyndaky halkara derejesiniň ýokarlandyrmagyny, dünýä syýahatçylyk bazarynda möhüm orny eýelemegini şertlendirýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabat eziz Watanymyzyň dolandyryş, senagat, medeniýet, bilim, ylym, lukmançylyk merkezi bolmak bilen, bu ýerde akyl we zähmet mümkinçilikleri jemlenendir.

Aziýanyň merjen şäheri bolan paýtagtymyz syýahatçylaryň hem iň bir gelim-gidimli mekanyna öwrüldi. Paýtagt şäherimizi görmäge gelýän myhmanlar biri-birinden zyýat, kaşaň, döwrebap we milli binagärlik keşbine eýe bolan desgalary, olaryň dizaýn aýratynlyklaryny, milli baýlyklarymyzy uly gyzyklanma bilen synlaýarlar.

Syýahatçylyk dünýä ykdysadyýetiniň ýokary girdejili we çalt depginler bilen ösýän pudagydyr. Bu babatdan, Türkmenistanda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy buýsançlydyr. Dost-doganlygyň mekany bolan türkmen topragy şöhratly taryhy, tebigy aýratynlyklary, gadymy ýadygärlikleri, keramatly ýerleri we gözel tebigaty, şeýle-de myhmansöýerligi bilen dünýä jahankeşdelerini özüne çekýär

Awaza gaýtalanmajak gözelligi, döwrebap mümkinçilikleri bilen her birimiziň köňlümizde orun alan mekandyr. Owazasy dünýä dolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelligi göreni haýran edýär. Belent ymaratlar, medeni-durmuş desgalary, gyralary gök öwüsýän ajaýyp köçeleri zolagyň görküne görk goşýar. Bu ýerde dürli çäreleri, suw oýunlaryny özünde jemleýän akwaparkyň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Jadyly kenar», «Deňiz merjeni», «Älemgoşar» attraksionly seýilgähler bar. Bu ýerde çagalar wagtlaryny şadyýan geçirýärler.

Syýahatçylyk ugurlarynyň geografiýasyny we onuň köp görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny ösdürmek, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk önümçiliginiň öňe gitmegini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrlan işleriň esasy ugry bolup durýar.
Mähriban Prezidentimiz döwletimizde ähli ugurlar bilen birlikde syýahatçylyk ulgamynyň işini hem döwrebaplaşdyrmaga, kämilleşdirmäge aýratyn uly üns berýär. Syýahatçylyk babatda kanunçylygy bolsa ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny halkara talaplaryna laýyklykda ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýär. Ýurdumyzda syýahatçylygy has-da ýokary derejede gurnamaklyga hemme şertler bar, şol sanda jahankeşdeleriň ýylyň ähli paslynda dynç almaklygy üçin uly mümkinçilikler hem bardygyny aýratyn bellemek bolar. Syýahatçylaryň ünsüni çekip biljek medeni-taryhy, tebigy we binagärçilik ýadygärlikleri hem sanardan köp.

Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň agzasy bolup durýar we 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda biz hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi jemlendi.

Häzirki wagtda ýurtda syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Tebigy-howa şertler, uly taryhy-medeni mümkinçilikler, baý milli däp-dessurlar, täze we ýokary hilli infrastruktura üpjünçiligi milli syýahatçylygy ösdürmegiň esasy şertleri bolup durýar. Türkmenistan ençeme gezek Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi.

Umuman, ýurdumyzda syýahatçylygyň dürli görnüşleri ösen. Olara taryhy-medeni ýadygärliklere syýahat, şypahanalarda dynç almak, sport syýahaty, dag-çöl landşaftyna syýahat, tebigy ýadygärliklere syýahat we ş.m. degişlidir.

Aýbölek Ahmedowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy. 

Ýene-de okaň

Saglygyň gadryny bileliň!

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri