SIZDEN GELENLER

Süýt barada umumy düşünje

Süýt adam durmuşynyň ilkinji aýlarynda ýeke-täk iýmit önümidir. Süýdüň düzüminde adam organizminiň sagdyn ösmegi üçin gerek bolan maddalaryň hemmesi bar: beloklar, süýt şekeri, mineral duzlar, suw, organiki kislotalar, fermentler, garmonlar, immun jisimleri, gazlar, pigmentler we başgalar bar. Iýmit gymmaty boýunça süýt bilen deňleşjek, başga hiç -hili önüm ýokdur. Bir kg süýtde: 32 gram belok bar, ol hem bolsa mukdary boýunça 4-5 towuk ýumurtgasyna deňdir; 32 gram süýt ýagy bar ýa-da takmynan 36 gram mesge ýagyna deňdir we 48 gram süýt şekeri bar. Şonuň ýaly hem, mineral duzlar we belli bolan hemme witaminler bar.

Medisina ylymlar Akademiýasynyň iýmitlendirme institutynyň maslahaty boýunça, bir adama bir ýylyň dowamynda süýt we süýt önümleriniň fiziologik amatly kadasy şu aşakdakylardan ybarat :

– içilýän süýt we suwuk diýetiki önümler – 164 kg;

– dorag – 7,4 kg;

– uýadylan gaýmak – 6,6 kg;

– mesge ýagy – 5,5 kg;

– peýnir – 6,6 kg;

– buz gaýmak – 3,0 kg.

Süýt we süýt önümleriniň siňňitligi 95-98 göterime barabardyr.

 

AWEZOW SERDAR,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

 

UNFPA: iş mümkinçiligi üçin bildiriş

 

 

Ýene-de okaň

Mustezat özboluşly bir şygyr görnüşidir

Innowasiýa, intellekt we psihologiýa – bilimiň artykmaçlary

Diller — halkara aragatnaşygyň guraly

Türkmenistan-BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlygyň aýdyň beýany

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hytaý dilini okatmak — halkara hyzmatdaşlygyň täze ugry

Daşary ýurt dillerini okatmak – zamanabap bilim ulgamynyň möhüm ugry