JEMGYÝET

Şuşada Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçiriler

Şu ýylyň iýulynda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçiriler. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türki döwletleriň parlament assambleýasynyň agzalary  – gurama agza döwletleriň parlament ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.

– Meniň başlangyjym boýunça Şuşa şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň resmi däl sammiti geçiriler. Onuň gün tertibinde ulag we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler bolar. Ulag aragatnaşyklaryny ýola goýmak we giňeltmek türki dünýäsini birleşdirer – diýip, Prezident Aliýew belledi.

Şeýle hem ol häzirki wagtda howa meseleleri hem esasy ugurlaryň biri bolup durýandygyny belläp, şu ýyl Bakuda BMG-niň howa boýunça maslahatynyň geçiriljekdigini aýtdy.

Azerbaýjanyň Lideri türki dünýäsiniň uly bir maşgala bolup, giň mümkinçilikleri we giň geografiýany öz içine alýandygyny belledi.

– Ulag ýollary, energiýa serişdeleri, adam resusrlary, artýan ilat, oňyn demografik ýagdaýlar – uly mümkinçiliklerdir. Biziň maksadymyz bu mümkinçilikleri dünýä möçberinde uly güýje öwürmekden ybaratdyr – diýip, Aliýew belläp geçdi.

Türki Döwletleriň Guramasy 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda döredildi. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan agza döwletler, Türkmenistan we Wengriýa synçy döwletlerdir.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri