BILIM

Surdoterjime hyzmatlarynda halkara hyzmatdaşlygy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýeti (TKKJ) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň bäş welaýatynda ümler diliniň mugt surdoterjime hyzmatlaryny ýola goýdy.

2023-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, USAID-iň okuwyny geçen ýedi sany surdoterjimeçileri ker ýa-da eşidiş ukyby gowşak bolan adamlara dürli döwlet edaralary, şol sanda notariuslar, hassahanalar, banklar we häkimlikler bilen aragatnaşyk saklamak üçin hyzmatlary ýerine ýetirip başladylar.

2022-nji ýylda USAID-iň “Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek” (GSP) taslamasy häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça surdoterjime hyzmatlaryny amala aşyrýan surdoterjimeçiler üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça bir aýlyk okuwyny gurnady.

Surdoterjime hyzmatlary Aşgabat, Balkanabat, Baýramaly, Daşoguz, Mary we Türkmenabat şäherlerinde ýerine ýetirilýar. TKKJ-niň ýerli edaralarynda işleýän surdoterjimeçileri  hepdede bäş gün janly nobat görnüşinde, şol edaralaryň özünde we başga edaralara baryp, terjime etmek üçin mümkinçilik döredilendir. Ondan başga-da, surdoterjimeçiler ümler dilini öwrenmek isleýänler üçin belli bir sagatlarda mugt maslahatlary hem berýärler.

USAID-iň TKKJ bilen bu hyzmatdaşlygy inklýuziw we aýratyn zerurlyklary bolan adamlara dürli hyzmatlary hödürleýän jemgyýeti döretmek üçin jemgyýetçilik guramalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň ýene bir mysaly bolup durýar.

Ýene-de okaň

“Makul Dil Gollanmasy” Amerikan Kongres kitaphanasynyň katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Aşgabatda III Halkara matematika olimpiadasy geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkiýede uçarman ugry boýunça okajak türkmen ýaşlarynyň dykgatyna!!!

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri