JEMGYÝET

Super Bowl <>ýeňşi: 2 sany rekord

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda uly gyzyklanma eýe bolan Amerikan futboly ligasynyň (NFL) çempionlygy kesgitleýän aýgytlaýjy duşuşygy ― Super Bowl «New England Patriots» toparynyň ýeňşi we çempionatyň taryhynda yz goýjak rekordlaryň ikisi bilen tamamlandy.

Finalda «Los Anjeles Remsi» 13:3 hasabynda ýeňen «Patriots» bu çempionatyň finallarynyň taryhyndaky iň uly hasaba ýetip bildi. Ýeňiji toparyň esasy oýunçylarynyň biri Tom Breýdi bolsa altynjy gezek çempionlyk bilen didarlaşdy. Bu ýagdaýlaryň ikisi hem çempionatyň rekordydyr.

Super Bowl duşuşygy ýekşenbe güni Atlantadaky «Mersedes-Benz» stadionynda geçirildi. Oňa tomaşa etmek üçin 71 müň adam stadiona ýygnandy. Elbetde, millionlarça janköýer hem bu duşuşyga «mawy ekran» arkaly göni ýaýlymda tomaşa etdiler.

Rekordlaryň finlaynyň birinji çärýeginde tapawutlanmak garşydaşlaryň hiç birine başartmady. Emma ikinji çärýekden soň hasap, eýýäm, «Patriotsyň» peýdasyna 3:0-dy. Duşuşygyň deň ýary tamamlansoň, janköýerler täsin bir antirekorda şaýat boldular. Şu gezek 53-njisi geçirilen Super Bowl 1975-nji ýyldaky finaldan soň, birinji ýarymynda iň az utuk toplanan final boldy. Diýjek bolýanymyz, mundan 44 ýyl ozal geçirilen finalyň birinji ýarymynda bary-ýogy 2 utuk toplanan eken. Şondan soňky finallaryň ählisinde öňdebaryjy azyn-dan 5-6 utuk toplap bilipdir. Bu gezekki finalyň birinji ýarymy bolsa «Patriotsyň» kynlyk bilen ýygnan 3 utugy bilen tamamlandy. Şol pursatda «Şu duşuşyk 13:3 hasabyndaky rekord dereje bilen tamamlanar» diýseň, meger, hiç kim ynanmazdy.

Üçünji çärýekde garşydaşlar hasaby deňledi: 3:3. Emma dördünji ― jemleýji çärýek… Janköýerler duşuşykdan soň 13:3 hasabyny görüp, gözlerine ynanmadylar…

Şeýlelikde, bu ýaryşa 18 ýyl bäri gatnaşýan «Patriots» altyjy, soňky bäş ýylyň içinde bolsa üçünji gezek çempionlygyny yglan etdi. Şol bir wagtda «Patriots» mundan ozal alty gezek çempion bolan «Pittsburgh Steelers» bilen görkezijilerini deňledi. «Los Anjeles Reýms» bolsa bassyr 34-nji ýylynda çempionlygy elden gidirdi.

Ýene-de okaň

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynda biometrik pasport nokady açyldy

Türkmenistanda 1146 adam raýatlyga kabul edildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 736 raýatyň günäsi geçildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Russiýa şalyçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk edýär

Yslam ösüş banky Türkmenistanda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirdi

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi