SIZDEN GELENLER

Sungata siňen ömür ýa-da meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedow hakynda

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Adatdan daşary zehinliler – geniler milletiň ykbalynyň kuýaşydyr.

           Olar adamzadyň hakydasynda ölmez-ýitmez bolup galýarlar.

 

Türkmen halkynyň söwer ogly Nury Halmämmedow 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda häzirki Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda köp perzentli maşgalada dünýä inýär. Çagalykdan ejesinden jyda düşen Nury Halmämmedow Baýramaly şäherindäki çagalar öýüne düşýär we şol ýerde saz älemindäki ilkinji ädimlerini ätläp ugraýar. Ol Baýramaly şäherindäki Çagalar öýünde saz bilen bagly başlangyç bilimini alýarka, birnäçe sazlary hem döredýär. Çagalykdan saza suwsan Nury Halmämmedow özüniň kalbyny we durkuny müdimilik saza bagyşlaýar. Onuň durmuşynda 1956-1963-nji ýyllara aýratyn uly orun degişlidir, sebäbi bu agzalan ýyllarda Nury Halmämmedow saz sungaty bilen bagly esasy bilimlerini alýar. Saza bolan höwesini kanagatlandyrmak we şol ugurdan başlangyç bilimlerini kämilleşdirmek maksady bilen, Aşgabat Sazçylyk uçilişesine okuwa girýär we 1958-nji ýylda okuwyny tamamlaýar. Aýratyn zehinliligini subut etmegi başaran Nury Halmämmedowy P. I. Çaýkowskiý adyndaky Moskwa Döwlet konserwatoriýasyna okuwa ugradýarlar. Döredijilik hyjuwy we zehini bilen talyplyk ýyllarynda 30-a golaý saz eserlerini döreden N. Halmämmedow bu meşhur okuw jaýynda okaýan ýyllary professor-mugallymlar tarapyndan ýokary baha mynasyp bolmagy başarýar. 1963-nji ýylda agzalan okuw jaýyny üstünlikli tamamlaýar. Onuň diplom işi hökmünde «Türkmenistan» atly simfoniki eseri ilkinji gezek 1963-nji ýylyň maýynda öňki soýuzyň Bütinsoýuz Telewideniýe we radiosynyň Uly Simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanýar.

Talyplyk ýyllarynda döreden ençeme saz eserlerinden iň naýbaşylaryndan biri hasaplanýan «Dutaryň owazlary» atly meşhur fortepiano pýesasy görnükli türkmen sazandasy Mylly Täçmyradowa bagyşlanypdyr. Bu sazda milli sazyň özboluşly aýratynlygy we dutarçylyk sungatynyň ajaýyplygy öran ýagty şöhlelenýär. Häzirki wagta çenli dünýäniň meşhur sazandalarynyň repertuarynda görnükli orun eýeleýän bu saz eseri ilkinji gezek 1962-nji ýylda Moskwada geçirilen Ýaş kompozitorlaryň Bütinsoýuz konkursynda eminler topary tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar we Nury Halmämmedowa ýörite diplom gowşurylýar.

1963-1973-nji ýyllar kompozitoryň döredijiliginde kämillik ýyllary hasaplanýar. Şol ýyllarda Nury Halmämmedowyň döredijiliginde täze sahypa açylyp, simfoniki pikirlenmäniň täze derejesine ýetilýär.

Kompozitoryň döredijiliginde wokal sazlaryna hem aýratyn orun degişlidir. Ol XIX-XX asyrlarda ýaşap geçen şahyrlardan Mollanepesiň, Keminäniň, Gurbannazar Ezizowyň, Ata Atajanowyň, Rehnet Seýidowyň we Geldi Bäşiýewiň  goşgularyndan ruhlanyp birnäçe saz eserlerini hem döredýär.

Nury Halmämmedowyň ajaýyp döredijilik terjimehalyndaky aýratyn sahypa onuň kinofilmlere bagyşlap döreden sazlaryna degişlidir. Entek talypka belli režisýor Bulat Mansurow tarapyndan «Şükür bagşy» filminiň sazyny döretmeklik üçin çagyrylýar. Onuň döreden sazy kinonyň üstünlik gazanmagynda esasy orunlaryň birini eýeläpdir. Milli Liderimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda şeýle belleýär: « Elbetde, «Şükür bagşy» filminiň şeýle üstünlik gazanmagynda genial türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň bitiren hyzmaty ägirt uludyr. Orta Aziýa respublikalarynyň we Gazagystanyň kino festiwalynda bu filmiň sazy üçin berlen ýörite baýragy gowşurylanda, Çingiz Aýtmatow Nurynyň sazyny «durmuşyň öz beren sazy» diýip atlandyrdy. Biziň ýaş kompozitorymyz bolsa, bu sözlere jogap hökmünde: «Bu sazy ýazmaga maňa halkymyň taryhy kömek berdi. Bu saz hakyky halk sazydyr. Şoňa görä-de, meniň ýerine ýetiren işime şeýle ýokary baha berilmegini türkmen sazynyň ykrar edilmegi diýip kabul edýärin» – diýýär».

Türkmen kinosynyň soňraky üstünlikli gadamlary Nury Halmämmedow bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şol döwürde surata düşürilen «Aýgytly ädim», «Mukamyň syry», «Magtymguly», «Keçpelek», «Japbaklar» we beýleki kino eserlerinde kompozitoryň sazlary tomaşaçylarda aýratyn ýakymly duýgulary döredipdir.

1973-1983-nji ýyllar kompozitoryň döredijiliginiň köptaraplaýyn öwüşginliligi bilen tapawutlanýar. Bu ýyllarda hem ol önjeýli işleýär we birnäçe ajaýyp saz eserlerini döredýär. 1979-njy ýylda Türkmenistanyň saz sunagtynyň ösmeginde we kämilleşmeginde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Nury Halmämmedow «Sungatda at gazanan işgär» atly derejä mynasyp bolýar. Guýma gursak zehin, halkyň wepadar ogly Nury Halmämmedow 1983-nji ýylyň 4-nji awgustynda aradan çykýar. Türkmen halkynyň meşhur ogly, ajaýyp kompozitor, seýrek we gaýtalanmajak ukyply bu meşhur kompozitoryň döreden saz eserleri elmydama halka ýakynlygy bilen aýratyn tapawutlanypdyr. Hormatly Prezidentimiz  meşhur kompozitor hakynda: «  … Nury Halmämmedow hem türkmen sungatyna müdimi ýadygärlik galdyrdy. Nury Halmämmedow çaksyz zehinli milletiň ruhy taýdan belentligini saz bilen dünýä çykardy. Şeýdibem özüne-de, halkymyza-da adamzat gymmatlygyndan miras goýdy. Ol biziň milli sungatymyzy şöhratlandyrdy» diýip, belläp geçýär.

Hakykatdanam, adatdan daşary zehinli adamlar milletiň taryhynda aýratyn orny eýeleýärler. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadygymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda taryhda özleriniň mynasyp yzlaryny goýmagy başaran şahsyýetlerimize aýratyn sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we özüniň ak pata bermegi bilen 2010-njy ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Ylham» seýilgähiniň açylmagy we onda meşhur şahsyýetlerimiziň heýkelleriniň, aýratynam Nury Halmämmedowyň heýkeliniň hem bolmagy häzirki döwürde milli buýsanjymyz bolan ussat şahsyýetlerimize goýulýan hormat-sarpanyň belentdigini aýdyň görkezýär.

 

Dinmuhammet TEKÄÝEW,

Seýitnazar Seýdi adyndaky

Türkmen döwlet mugallymçylyk

institutynyň mugallymy

 

Türkmen-saud energetika hyzmatdaşlygy ösdürilýär

 

 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury