MEDENIÝET

Ýurdumyzyň sungat ussatlary Daşoguzda konsert bererler

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramy mynasybetli welaýatyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin baýramçylyk konserti geçiriler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

15-nji dekabrda geçiriljek baýramçylyk konsertinde Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ahmet Atajanow, Çynar Jumaýewa, Jahan Tagyýewa, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigiň ýeňijisleri Söhbet Kasymow, Begenç Çaryýew dagy özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Ýene-de okaň

“Galkynyş” topary welaýatlarda çykyş ederler

Türkmenistanda mart aýynda geçiriljek esasy çäreler

“Titanigiň” gahrymany ilkinji gezek režissýorlyk eder

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy

Ahyrky garagyş döwri başlandy