ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Sungat äleminiň bilbili :Annagül Annagulyýewa

Çarlaklaryň owazyndan ylham alan ussat.

 Türkmen aýdym-saz sungatynyň ösmeginde görnükli yz galdyran sungat ussatlary sanardan köp. Şeýle ussatlaryň biri-de türkmen opera sungatynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan halypa aýdymçy, SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewadyr.

Ol bütin ömrüni opera we kino sungatynyň ösmegine bagyş edip, sungat äleminde hoş owazly aýdymlary ýerine ýetirip, ençeme gahrymanlaryň keşbini döretmegi başaran ussatdyr.

Annagül Annagulyýewa Hazary etekläp otyran Esenguly etrabynda balykçylar maşgalasynda dogulýar. Ýatlamalarda beýan edilişine görä, gojaman Hazaryň kenary ýaşajyk Annagüliň owazly kalbyny heýjana salýar. Ol ir säher bilen seýil edip, deňiziň üstünden öwüsýän mahmal ýeller bilen özüçe sözleşip, şirinden mylaýym, hoş owazy bilen deňiz kenarynyň üstünde ganat ýaýýan çarlaklar bilen eziz obasyny mukama besleýär. Oba adamlary ýaşajyk Annagülüň başarnygyna buýsanyp, onuň geljegine uly umyt bildirýärler.

Onuň özem: “Owazyny ssusup alyp bilene türkmen tebigaty gory egsilmeýän ylham, ýaýýylyp ýatan deňiz, mawy asman, gök deňiziň üstünde ganat ýaýýan çarlak guşlar, başyňy sypap öwüsýän mylaýym şemal-barysy owaz. Diňe oňa ses goşaýmak galýar” diýer eken.

Geljekki ussat sungat älemine mawy deňiziň joşgunly tolkunlary ýaly bolup gelýär. Ol 1941-nji ýylda Aşgabadyň opera we balet teatrynda işe başlaýar. Işe başlan ýyllarynda Adrian Şapoşnikowyň Daňatar Öwezow bilen bilelikde goýan “Zöhre-Tahyr” operasynda Zöhräniň keşbini janlandyrýar. Döreden her bir gahrymanynyň daşky sypatyny, gylyk-häsiýetini çuňňur öwrenýär. Her bir keşbe döredijilikli häsiýet berýär.

Ol owazly sesi, tebigy zehini bilen “Şasenem-Garypda”  Şasenemiň, “Kemine we Kazyda” Ogulbegiň, “Leýli-Mejnunda” Leýliniň, “Ewgeniý Oneginde” Tatýananyň keşbini we başga-da birnäçe keşpleri döretmekde ussatlygyny görkezýär.

Ussadyň döredijilikli ýoly kino sungaty bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol belli kinofilmlerden “Şasenem-Garypda” Şasenemiň enesiniň, “Keçpelekde” Dürsoltanyň, “Derýanyň aňyrsy serhetde” Heseliň keşbini ussatlyk bilen ýerine ýetirip sungat äleminde öçmez yz galdyrýar.

Anangül Annagulyýewa uzak ýyllaryň dowamynda ussat kompozitorlar Daňatar Öwezow, Nury Halmämmedow, Adrian Şapoşnikow, Hydyr Allanurow ýaly birnäçe halypalar bilen işleşip, sungat äleminiň öçmejek ýyldyzlary SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň  halk  artisti,  Türkmenistanyň   Gahrymany  Maýa Kulyýewa, SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň halk artisti, Halk Gahrymany, dünýäniň saýrak bilbili ussat mugallym, Türkmenistanyň Prezidentiniň III derejeli Altyn Asyr ordeniniň eýesi Medeniýet Şahberdiýewa, opera sungatynyň merjen täji hasaplanýan Türkmenistanyň halk artisti Roza Töräýewa, Aýdogdy Gurbanow, Ýolaman Hummaýew, Hojaw Annadurdyýew ýaly birnäçe halypa ussatlaryň hatarynda uly at-abraýa eýe bolýar.

Ussat halypanyň sungat älemindäki döredijilikli ýoly türkmen kino sungatynda öçmejek yz galdyran SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi režissýor Alty Garlyýew bilen baglanyşyklydyr. Ýanýoldaşy Alty Garlyýew bilen işlän ýyllarynda ol “Şasenem-Garyp” kinofilminde Şasenemiň enesiniň keşbini ussatlarça janlandyryp halkyň söýgüsini gazanýar. “Leýli-Mejnun”, “Zöhre-Tahyr”,  “Şasenem-Garyp” ýaly operalarda  döreden keşpleri bolsa türkmen sungatyny Dünýä ýüzünde arşa göterýär.

…Ýaýlymda häli-şindi halypamyzyň Gündogaryň beýik Akyldary Magtymguly Pyragymyzyň goşgularyna  döredilen “Sil biläni”, “Reýgan eýledi”, “Gara gözleriň”, “Näme sen”, “Ene”,  “Watan” ýaly aýdymlary ýaňlanýar. Diňleýjiler bu aýdymlary Annagül Annagulyýewanyň ýerine ýetirýändigini bada-bat aňşaryp bilýärler. Çünki, ussat halypa bu aýdymlary hiç kimiňkä meňzemeýän heňi, öz ýoly bilen ýerine ýetiripdi.

SSSR-iň halk artisti, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewanyň türkmen aýdym-saz äleminde bitiren işleri hem-de sungatda döreden keşpleri sungaty söýýän we bu ugurdan bilim alýan talyp ýaşlar üçin görelde mekdebidir.

 Parahatlyk mukamlary

 Halypalaň aýdymy,

Haýran edip hemmäni,

Ganat ýaýýan guş deýin,

Aýlanyp ýör dünýäni.

 ***

Annagulyýewa Annagül,

“Şat watan saýasynda”

 Bilbil bolup saýraýar

Gül-gunça aýasynda.

 ***

Ajap aýdymlar bilen,

Bagtyýarýardyr çagymyz.

Sungatyň howandary,

Ýaşa Arkadagymyz!

 

Seýitmuhammet Seýitmuhammedow,

Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesindäki kitaphananyň

II-derejeli kitaphanaçysy, TMÝG-nyň işjeň agzasy:   

 

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri