BILIM

Şu ýyl Türkmenistanda 93 müňden gowrak okuwçy mekdep bilen hoşlaşýar

Şu gün 2024-2025-nji okuw ýyly hem tamamlandy. «Soňky jaň» dabarasynyň Aşgabat şäheriniň gününe, Türkmen halysynyň baýramyna gabat gelmegi baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrýar.

“Soňky jaň” mekdep döwrüniň tamamlanandygyny, şol bir wagtda-da durmuşyň jogapkärli gapysyndan gadam basylýandygyny alamatlandyrýan, ýaşlaryň juwan kalplaryny süýji arzuwlara besleýän özboluşly baýramçylykdyr.

Uly üstünliklere beslenen 2024-2025-nji okuw ýylynda Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligine degişli mekdeplerde 10 müň 949 sany okuwçy mekdep bilen hoşlaşýar. Şeýle-de Arkadag şäheri boýunça uçurymlaryň 206-sy, Ahal welaýaty boýunça 11 müň 698-si, Balkan welaýaty boýunça 7 müň 288-si, Daşoguz welaýaty boýunça 19 müň 800-den gowragy, Lebap welaýaty boýunça 21 müň 349-sy, Mary welaýaty boýunça 22 müňe golaýy uly durmuşa gadam basýar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Däp bolşy ýaly, okuw ýylynyň tamamlanmagy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, Garaşsyzlyk binasyna, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline, şeýle-de Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň baş baýdak meýdançalaryna gül goýmak dabaralary guralýar. Ýurdumyzyň ähli orta mekdeplerinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygar bilen «Soňky jaň» dabaralary geçirilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekilleri Hindistanda halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar

Türkmen-hytaý energetika okuw merkezi döredildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

TOHU-da «Döwrebap ykdysadyýetçi üçin diplom ýeterlikmi?» atly açyk sapak geçirildi

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi