BILIM

Şu ýyl Magtymguly adyndaky TDU-a 1682 talyp kabul ediler

Täze okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaşlar tölegsiz esasda 14 ugur, 29 hünär boýunça, tölegli esasda bolsa 14 ugur, 30 hünär boýunça bilim alarlar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Geçen ýylyň 21-nji iýunynda «Psihologik hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şoňa laýyklykda, döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow üstümizdäki ýylyň 9-njy aprelinde mekdep okuwçylarynyň psihologik aýratynlyklary esasynda okuw-terbiýeçilik işlerini ýola goýmak maksady bilen, okuwçylarynyň sany 300-den geçýän orta mekdeplerde psiholog mugallymyň wezipesini girizmek meselesine seredilmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiziň şu görkezmelerinden ugur alnyp, uniwersitetimizde psihologiýa hünäri boýunça okajak talyplaryň sany artdyryldy. Şonuň netijesinde psihologiýa hünärine tölegsiz esasda 25, tölegli esasda hem 25 adamyň öňküden köp alynýar.

Şu ýyl tölegli esasda rus dili we edebiýaty ugrundan täze hünäriň açylyp, eýýäm bu ugurdan okamak isleýän ýaşlar resminamalaryny tabşyryp başladylar. Şonuň ýaly-da, tölegli esasda, ýagny amaly matematika we informatika, maglumat ulgamlary we tehnologiýalar ugrundan bakalawrlary taýýarlamak, ýokary bilimiň ikinji basgançagy — magistratura (iki ýyllyk) okuwa kabul etmek hem başlandy. Şu ýyl ýokary okuw mekdebine jemi 1682 talybyň kabul edilmegi meýilleşdirilýär. Bu geçen ýyldakydan bäş ýüz adamyň artykdygyny görkezýär.    

 

Ýene-de okaň

“Türkiye Bursları 2026” talyp haky maksatnamasy ýakynda başlaýar

Türkmen talyby GDA-nyň “Iň gowy talyby” diýlip yglan edildi

Türkiýede uniwersitetlerde üç aýlyk tomus dynç alşy ýatyrylýar

Türkmenistanda «durmuş gullugy» hünäri täze hil derejesine geçýär

Amerikada ýene bir mugt okuw :Fulbright Teaching Excellence and Achievement Programy

Ýyllyk kitap sergisi geçirildi