JEMGYÝET

Şu gün – Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni

Sizi milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu baýrama bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent maksatlaryna ýetmek üçin gurýan we döredýän merdana halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýjakdygyna berk ynanýaryn.

Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän Konstitusiýamyz, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebediliginiň nyşanyna öwrülen Döwlet baýdagymyz biziň geçmişimiziň, häzirki döwrümiziň, geljegimiziň beýikdigini, şöhratlydygyny alamatlandyrýan milli mukaddesliklerimizdir. Aşgabat şäherindäki Konstitusiýa binasy bilen Baýdak meýdançasy, döwlet ähmiýetli Arkadag şäherindäki, welaýatlaryň merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli baýdak meýdançalary bu gün Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini has-da dabaralandyrýar.

Döwleti dolandyrmakda, demokratik, adalatly jemgyýeti gurmakda, toý-baýramlarymyzy, şanly senelerimizi ýokary derejede geçirmekde toplan tejribämize daýanyp, Esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününi mähriban halkymyzda belent watansöýüjilik döredýän, täze üstünliklere ruhlandyrýan milli baýram hökmünde belleýäris. Bu baýrama gabatlap, dabaraly maslahatlary, medeni-jemgyýetçilik çärelerini geçirýäris. Bu dabaralar tutanýerli, döredijilikli zähmeti bilen eziz Watanymyzy gülledip ösdürýän, kuwwatly we berkarar ýurda öwürýän mähriban halkymyzda şatlykly duýgulary döredip, agzybirligimizi has-da berkidýär.

Eziz watandaşlar!

Dünýädäki iň inçe, owadan sungat hökmünde ykrar edilen türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligi, jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz hem-de ýarymaý şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyzyň saýasynda bu gün eziz Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýarys. Dünýä bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimiziň, durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerimiziň berk binýady hem-de kepili bolan Konstitusiýamyz esasynda hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurup, düýpli özgertmeleri amala aşyrýarys. Dostluk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirip, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrýarys.

Mähriban halkym!

Garaşsyz Diýarymyzy depginli ösdürmäge, ykdysady ösüşiň häzirki zaman, kämil nusgasyny emele getirmäge, pudaklarymyzy döwrebaplaşdyrmaga, ilkinji nobatda bolsa mähriban halkymyzyň durmuş goraglylygyny, iş üpjünçiligini we ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga, asuda, abadan, bolelin hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen strategik maksatnamalary kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary esasynda gysga taryhy döwürde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy düýpli özgerdi. Esasy Kanunymyz hem-de milli kanunçylygymyz tapgyr-tapgyr kämilleşdirildi. Şanly wakalar bilen şöhratlanýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplanan köpasyrlyk milli tejribämize eýerilip, halkymyzyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilmegi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýatlaryny has-da berkitmegiň ýolunda täze ädim boldy.

Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, ösüşleriň, rowaçlyklaryň ýurduna öwrülen eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi