JEMGYÝET

Şu gün – Hazar deňziniň güni

12-nji awgust Hazar deňziniň halkara günüdir. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa güýje girdi. Bu taryhy resminama 2003-nji ýylyň noýabr aýynda bäş Hazarýaka döwletleriň: Azerbaýjanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan Tähranda gol çekildi.

Kenarýaka ýurtlaryň her ýyl belleýän bu baýramy deňziň ekologik howpsuzlygy meselelerine, özboluşly ekoulgamyny goldamaga we gorap saklamaga gönükdirilendir.

Ýeri gelende bellesek, Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsi özüniň örän ajaýyplygy, täsinligi bilen dünýä ylmynda uly gyzyklanma döredýär. Ýagny, bu ýerde duş gelýän ösümlikleriň we haýwanlaryň umumy görnüşleriniň 65 göterime golaýy Ýer ýüzünde diňe Hazar deňzinde duşýar. Hazarda suwotularyň 450-den hem gowrak görnüşi, suwuň dürli gatlaklarynda ýüzüp ýaşaýan ownuk oňurgasyz jandarlaryň bolsa, 400-e golaý görnüşi mesgen tutupdyr.

Hazar deňzi balyk tutulýan we däp bolan balykçylygyň ösen ýeri hökmünde hem meşhurdyr. Häzire çenli hem Hazar deňzinde gyzylbalyklaryň dünýäde iň uly tebigy sürüsi ýaşaýar.

Hazar deňziniň kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe bir dynç alyş zolagy bolman, eýsem, ol daşky gurşawyň gözelligini goramakda, onuň baýlygyny artdyrmakda we amatly daşky gurşawa oňyn täsir etmekde hem uly ähmiýete eýedir.

Hazar deňziniň türkmen kenary möhüm ähmiýete eýe bolan iri halkara çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ýene-de snalyja günden bu ýerde ýene-de bir möhüm ähmiýetli halkara maslahat geçiriler. Hazaryň kenarynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Narendra Modi bilen duşuşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýa – Hindistan” dialogynyň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurban baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri “Merkezi Aziýa – Hindistan” işewürler geňeşine gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Eýranyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy