SPORT

Şu gije: Döwletjan Ýagşymyradow-Impa Kasanganaý tutluşygy

Şu gün, ýagny 29-njy noýabrdan 30-njy noýabra geçilen gije “PFL 2024” garyşyk söweş sungaty ýaryşynyň final tutluşyklary geçiriler. Şol ýaryşlaryň birinde Döwletjan Ýagşymyradow bilen Impa Kasanganaý duşuşygy bolar. Bu duşuşygyň Aşgabat wagty bilen 01:00 töwereginde bolmagyna garaşylýar. Bu tutluşyk “Okko” platformasynda görkeziler.

Tutluşyk ýarym agyr agramda geçiriler.

Döwletjan Ýagşymyradow – “ACA” ýaryşlarynyň ozalky çempiony. Ol bu ugurdaky çempionlyk derejesini ýitirmän, özüni ummanyň aňyrsynda synap görýär. Ol ilki bilen “Bellator” ýaryşlarynda çykyş etdi. Soňra “PFL” ýaryşlaryna goşulyp, bu ýerde finala çenli gelmegi başardy.

Ol bu ýaryşlarda güýçli garşydaşlary Kori Anderson, Rafael Karwalýom Julius Anglikas we Rob Uilkonson bilen bäsleşdi.

Döwletjan “PFL” ýaryşlarynda geçiren 3 tutluşygynda ýeňiş gazandy. Ol ilki bilen şu ýylyň aprelinde Jeýkob Nedohdan üstün geldi, soňra bolsa, 21-nji iýunda Simon Biýongy hem-de 16-njy sentýabrda Rob Uilkonsony ýeňmegi başardy.

Görkeziji Ýagşymyradow Kasanganaý
Raýatlygy Türkmenistan ABŞ
Ýaşy 35 30
Boýy 180 183
Rekord 24-7-1 18-4-0
Nokaut bilen gazanan ýeňişleri 13 5
Gyssagly ýeňişleri 4 4
Ozalky tutluşygy 16.08.2024 16.08.2024
Ýeňişli tutluşyklary 6 3

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy