BILIM

Stambulyñ çagalar üçün müzeýleri

Özboluşly sungaty, gastronomiýasy we söwda tejribesi bilen dünýäde öňdebaryjy syýahatçylyk merkezleriň biri bolan Türkiýäniñ Stambul şäheri- ýurduñ baý medeniýetini, sungatyny we taryhyny ýüze çykarmaga, öwrenmäge we gorap saklamaga mümkinçilik berýän muzeýleri bilen çagalaryň hem hökman baryp görmeli şäherleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Türkiýede her ýylyñ 23-nji aprelinde bellenip geçilýän Milli Özbaşdaklyk we çagalar baýramçylygy mynasybetli Stambulyñ muzeýlerinde hem dürli dabaralar geçirilýär.

Rahmi M. Koç muzeýi: uçarlar, awtoulaglar we beýlekiler:

1994-nji ýyldan bäri hereket edýän Rahmi M. Koç muzeýi, ulag, senagat we aragatnaşyk taryhyna bagyşlanan Türkiýäniñ ýeke-täk uly, örän täsin we gyzykly muzeýleriniñ biri bolup durýar. Muzeýde sergilenýän nusgawy awtoulaglar, ılkinji tramwaýlar, gaýyklar, köne uçarlar, deňiz gämileri we penny-farthing (welosipedleriň ılkinji nusgalary) ýaly ulaglar myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrýar. Muzeýiñ ylmy açyşlara we gurallara bagyşlanan bölümleri gelýänleriň gözýetimini giňeldýär. Şeýle hem, muzeýde çagalaryñ wagtyny gyzykly geçirmegi üçin dürli ussahanalar bar. (http://www.rmk-museum.org.tr/istanbul/en/home-page )

Oýunjak muzeýi: çagalyga gaýdyp gelme

Stambulyñ oýunjak muzeýi uly-kiçi hemme kişini reňkli oýunjak dünýäsine çagyrýar. Muzeýde şahyr-ýazyjy Sunaý Akynyň 20 ýylyñ dowamynda dünýäniñ 40-dan gowrak ýurdundaky gadymy dükanlardan we auksionlardan satyn alan oýunjaklary sergilenýär. Bu muzeý ene-atalaryñ çagalary bilen has gyzykly wagt geçirip biljek ýeridir. Stambulyñ “Oýunjak muzeýleriñ paýtagty” diýlen ada eýe bolmagynda möhüm orna eýe bolan muzeýde 1700-nji ýyllaryna degişli oýunjaklary görmek mümkin.

Miniatürk muzeýi: wagtyň durýan ýeri

Çagalar tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän Miniatürk muzeýi bolsa taryhyň dowamynda Anadolyda höküm süren siwilizasiýalaryň binagärlik mirasyny hödürleýär. “Beýik döwletiñ kiçijik keşbi” şygary bilen 2003-nji ýylda açylan muzeýde sergilenýän 137 sany binagärlik eserleriň 1/25 göterim kiçeldilen görnüşleri, görenleri hayran galdyrýar. (https://miniaturk.com.tr/en/ )

Illýuziýa muzeýi: illýuziýa dünýäsi

Stambulyñ Illýuziýa muzeýi sizi täsin we gyzykly illýuziýa dünýäsine syýahata çagyrýar. Muzeýiñ “Infinity Room”, “Vortex Tunnel” we “Upside-Down Room” atly özboluşly otaglary çagalaryňyz bilen wagtyñyzy gyzykly geçirmäge mümkinçilik berýär. (https://museumofillusions.com.tr/  )

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda toplumlaýyn olimpiada geçiriler

Türkmen oba hojalyk uniwersiteti Ýüpek ýolunyň uniwersitetler bileleşiginiň agzasy boldy

Türkmenistanyň raýatlary Russiýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde mugt okap bilerler

Türkmenistanyň we Somaliniň bilim ulgamynyň onlaýn duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda STEM biliminiň ösdürilmegine üns berler

Ata Watan Eserleri

“Türkiýe talyp haky-2025” maksatnamasy başlaýar