SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy

Şu ýylyň 26-njy martynda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna beren maglumatyna görä, türk awiakompaniýasy nobatdaky ýörite uçar gatnawyny 26-njy martda amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda hem habar berlişine görä, Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan Russiýanyň raýatlarynyň bu gatnawdan peýdalanyp biljekdigi mälim edilýär.

Mundan başga-da, şol habarnamada gatnaw barada has jikme-jik maglumat üçin Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyna ýüz tutulyp bilinjekdigi hem aýdylýar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul, 14-nji martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetirdi.

Şeýle hem düýn size ýetirilen habarymyzda hem görnüşi ýaly, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň gurnamagynda “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan şu ýylyň 18-nji martynda Aşgabat-Moskwa ugry boýunça ýörite gatnawyň amala aşyrylmagy meýilleşdirilýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar