JEMGYÝET

Stambul metrosynyň täze ugurlary

28-nji oktýabrda Türkiýede “Mejidiýeköý– Mahmutbeý” ugry boýunça täze metro açyldy. Ilkinji ugry göni aragatnaşyk Stambul şäheriniň hkimi Ekrem Imamoglunyň görkezmesi esasynda sagat 12:00-da başlady. Şeýle hem Imamoglu “M7” ugrunyň ilkinji 10 günüň dowamynda mugt boljakdygyny belledi.  Umumylykda “Mejidiýeköý– Mahmutbeý” ugry boýunça täze metronyň 15 sany duralgasy bar. Bu metro Ýewropa böleginiň iň güri ilatly 8 sebitini birleşdirer: ýagny, Bagjylar, Esenler, Eýupsoltan, Gaziosmanpaşa, Kagythane, Şişli, Beşiktaş  we Beýoglu bölekleri. Stambul şäheriniň täze metro ugry, adamlaryň wagtyny tygşytlar. Haçan-da hemme ugurlar ýola goýlanda, Beşiktaş bilen Mejidiýeköý aralyk ýoly 6 minuta çenli azalar.

Beýleki ugur wagtlary aşakdaky ýaly gysgaldylýar:

Mejidiýeköý-Alibeýköý (8 minut)

Alaýan-Gaziosmanpaşa (13 minut)

Beşiktaş-Saryýer-Hajyosman (26 minut)

Mahmutbeý-Üsküdar (45 minut)

Mahmutbeý-Kadyköý (52 minut)

Mahmutbeý howa menzili-Sabiha Gökçen (96 minut)

“Mejidiýeköý– Mahmutbeý” ugry boýunça metronyň duralgalary:

MejidiýeköýMahmutbeý” metrosynyň duralgalary:

Göztepe etrap duralgasy

Ýüzül Oruç duralgasy

Tekstilkent duralgasy

Garadeňiz etrap duralgasy

Ýeni etrapça duralgasy,

Kyzym Karabekir duralgasy,

Ýeşilpynar duralgasy,

Weýsel Karani-Akşemsettin,

Şirçyr etraby,

Kaija-Taýpeş duralgasy,

Mehateýpeýş ýolagçylaryň duralgasy,

Fulýa duralgasy

Ýyldyz duralgasy

Beşiktaş duralgasy

Kabataş duralgasy

 

Wideo Habarlar Sahypamyz

Saýtymyzyň wideo habarlar sahypasy –geljekde iň işjeň sahypalaryň biri bolsa gerek. Häzirki döwürde bu sahypamyza birnäçe wideo rolik ýerleşdirilendir.

Ýene-de okaň

“Arkadag” topary Ronaldoly “Al-Nasr” topary bilen bije çekişdi

Ata Watan Eserleri

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentine gutlagy