SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Sputnik V” sanjymyň bahasy kesgitlenildi

Koronawirusa garşy Russiýanyň “Sputnik V” sanjymyň her dozasynyň bahasy 10 dollar bolar diýip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite geçirilen sessiýasynda çykyş eden Russiýanyň maýa goýum gaznasynyň başlygy Kirill Dmitriýew belläp geçýär. Bu barada TASS habar gullugy habar berýär. Beýleki öndürilýän koronawirusa garşy sanjymlarynda has amatly bolar diýip, Kirill Dmitriýew nygtap geçýär. “Sputnik V” sanjymy ähli ýurtlara deň bahadan üpjün edilmegi meýilleşdirilýär.

Maýa goýum gaznasynyň başlygynyň bellemegine görä, Russiýada 2021-nji ýylyň mart aýyndan başlap, aýda 30 million doza sanjymy çykarmak meýilleşdirýärler.

“Önümçilik sanymyzy ýokarlandyrmak üçin köp sanly senagat hyzmatdaşlar bilen iş salyşýarys” diýip Kirill Dmitriýew belleýär. Bu sanjym bilen 40-dan gowrak ýurt gyzyklanýadygy barada mälim edildi. Häzirki wagta çenli gazna, 1,2 milliarddan gowrak sanjym üçin sargyt aldy.

“Sputnik V” – dünýäde ilkinji hasaba alnan koronawirus sanjymy bolup durýar. Şu günki günlerde bu sanjym hasaba alyşdan soňky synaglaryny geçýär. Bu synagda russiýaly meýletinçileriň 40 müň sanysy gatnaşýar. Sanjymyň kliniki synaglary Russiýada, Belarusda, Braziliýada, Hindistanda we Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýär.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler