SIZDEN GELENLER

Sport – saglykly ýaşaýyş

Häzirki wagtda  hormatly Prezidentimiz  sportuň we bedenterbiýäniň    dünýäde parahatçylyk döredijilik ugruna aýratyn ähmiýet berýär.  Ýurdumyzy halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezine öwürmek  ugrunda   giň ýollary  açýar.

Sport we sagaldyş hereketleri adamyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, “Sport – munuň özi diňe bir bäsleşik, üstünlik we medallar däl-de, eýsem, ähli güýçleri birleşdirýän kuwwatly durmuş ulgamydyr”. Elbetde, halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy olaryň asuda  durmuşda  sagdyn ýaşaýşyny üpjün edýär.   Ata-babalarymyzyň “Sagdyn bedende – sagdyn ruh” diýen pähiminden ugur alýan ýurdumyzda  ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, olaryň  sagdyn pikirlenmek ukybyny  kämilleşdirmek maksady bilen  dürli çäreler alnyp barylýar. Ýurdumyzda günsaýyn bedenterbiýäniň we sportuň kämilleşmegi, adamyň kuwwatynyň maddy we ruhy taýdan sazlaşykly utgaşmagy netijesinde sagdyn durmuş ýörelgesine eýe bolmagy, şeýle hem sport ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň giňelmegi döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny geçirilýän halkara sport ýaryşlarynyň mysalynda görmek bolýar.

Ine, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda  sport äleminde ýene bir guwandyryjy waka bolup geçdi.  Bilşimiz ýaly, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda  paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Agyr atletika boýunça  Dünýä çempionaty geçirilipdi. Çempionatyň mynasyp eýesiniň adalatly kesgitlenmegi netijesinde,   türkmenistanly türgenimiz  Ýulduz Jumabaýewany  2018-iň altyn medaly bilen hem-de hormatly Prezidentimiziň  awtoulag sowgadyna mynasyp bolandygy halkymyzy diýseň buýsandyrdy. Munuň özi, geljekde ýaş türgenlerimiziň türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, sport ulgamynda gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmaga hem-de ýurdumyzyň sport abraýyny belende götermäge itergi berer.

 

                                                                              Rüstemgeldi  Myradow,

         Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

 

“Mawy Altyn” we “Gara Altyn”: Ýaşyl Altynyň sarp edilişi

 

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika