SIZDEN GELENLER

Sport saglygymyzyň girewidir

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara giňişliginde sport ulgamynda alyp barýan syýasatyny we başlangyçlaryny öňe sürmek üçin, şeýle-de bu ugra degişli ýurduň jogapkär edaralarynyň we diplomatik wekilhanalarynyň işini we hereketlerini utgaşdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüminde Halkara sport hyzmatdaşlygy bölümi döredildi we ol bölüm Birleşen Milletler Guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň  Bilim, ylym we medeniýet boýunça ýöriteleşdirilen edarasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, şeýle hem beýleki halkara we sebitleýin sport guramalary bilen sport diplomatiýasynyň mehanizmleri arkaly sporty ösdürmek meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga we giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Türkmenistanyň Daşary syýasy ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda ýurduň halkara olimpiýa hereketine integrasiýasy we doly hukukly goşulmagy göz öňünde tutulandyr. Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek bilen Türkmenistan halkara derejesindäki şeýle uly sport çäresini geçirmäge we halkara sport bileleşiklerini özüne çekmäge ukyply bolan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Muny nazara almak bilen, ýakyn geljekde Türkmenistanda geçiriljek halkara derejesindäki sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň toplumlaýyn meýilnamasy taýýarlanylýar.

Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygy düşünjesine ýokary ynsanperwer manyny goýýar we ony gönüden-göni BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüş Maksatlarynyň kabul edilmegi bilen baglanyşdyrýar. 2017-nji ýylyň 7-8-nji aprelinde, ýagny Bütindünýä saglyk güni “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada – 2017: halkara sport hyzmatdaşlygy agzybirlik we ösüş ugrunda” ady bilen nobatdaky halkara sport kongresi geçirildi we onuň Jemleýji jarnamasy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde ýaýradyldy. 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşiniň 36-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Bosgunlaryň olimpiýa ýygyndysynyň parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmek boýunça gymmatly goşandyny höweslendirmek boýunça” atly ýüzlenme kabul edildi. Biziň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde yglan etdi.

Amangeldi Hojamberdiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

 

05-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty