SPORT

Sport dünýäsine çakylyk

Sagdyn beden – sagdyn ruh ynsanyň bagtyýar ýaşamagyna şert döredýär. Bedenterbiýe hereketleri her bir ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagyna mümkinçilik berýär. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň özenini sagdyn jemgyýeti bina etmek bolup, ýaşlarymyzyň sagdyn, giň dünýägaraýyşly bolmaklary, olaryň il-halkymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär.

Sport dünýäsiniň çakylykçylary bolan oba, etrap, şäher merkezlerinde gurlup ulanylmaga berilýän sport mekdepleriniň sagdyn jemgyýeti döretmekde, ýaşlaryň wagtlaryny gyzykly we täsirli geçirmekleri üçin uly ähmiýeti bardyr.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Murgap etrabynda hereket edýän 1-nji sport mekdebiniň ähmiýeti örän uly. Olarda tälim alýan tälimçiler sportuň woleýbol, futbol, erkin göreş, ýeňil atletika görnüşleri bilen meşgullanyp, etrap, welaýat, döwlet ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Ady agzalan sport görnüşleri bilen çagalar 9-10 ýaşdan kabul edilip, saýlan sport görnüşleri boýunça başlangyç taýýarlyk toparyna, soňra okuw türgenleşik toparlaryna kabul edilýär. Sport mekdebinde taýýarlyk görmek üçin birnäçe şertler, trenažor zallar, basseýin hereket edip, dürli ýaşdaky raýatlaryň saglygyny dikeltmäge we gorap saklamaga uly mümkinçilikler bar.

Sport dünýäsine çakylykçy bolan sport mekdeplerine ýygy-ýygy gelmegiňizi, çagalarymyza bolsa sport görnüşleri bilen meşgullanyp maksadaokgunly, gaýratly, batyr häsiýetli bolmaga çagyrýarys.

Merdan ÖDEMYRADOW,
Murgap etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň direktory.

Ýene-de okaň

Mergen Orazow bilen Roberto Martinez duşuşdy

Ata Watan Eserleri

20 ýyldan soňra ýene-de Lihtenşteýni ýeňdi

Ronaldonyň täze rekordy: 900 gol geçiren ilkinji futbolçy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň Ispaniýada taýýarlyk görýär

Arkadag topary: 20 duşuşyk 20 ýeňiş bilen taryhy rekord goýdy

Ata Watan Eserleri

Gazagystanda Bütindünýä çarwadarlaryň oýunlary başlaýar