TESWIRLER

Sözi takyk manysynda ulanmak möhümdir

Sözlük diňe dil üçin däl, edebiýat bilen baglanyşykly meseleler üçin hem ulanylmalydyr. Mysal üçin, Magtymgulynyň goşgularynda gabat gelýän arap-pars sözler öz asylky manysynda ýazylyp, oňa takyk düşündiriş berilmelidir. Emma kä halatlarda ol sözleriň düýp manysy ylmy esasda derňelmän hem-de sözlüge seretmän ýazylýar.

Magtymguluda şeýle bir setir bar: “Pil hem durar baglasalar gyl bile” (Käbir tekstlerde bu setir “baglanaýsa gyl bile” görnüşinde gabat gelýär. Bu dogry däl, çünki “…baglanaýsa…” Magtymgulynyň dilinde ýokdur. Bu setirdäki gyl şekilinde okalan söz arap elipbiýinde gaýn we lam bilen غل görnüşinde ýazylypdyr. Bu söz arap dilinde üç hili okap bolýar: gyl, gal we gul. Bulardan üçünjisi hem arap hem-de pars dili sözlüklerinde bar we “zynjyr, kündeli, boýundan aşyrylyp baglanan zynjyr diýmek. Şu söz bu setire many taýdan dogry gabat gelýär, çünki zynjyryň gyldan gaýymdygy öz-özünden düşnüklidir. Galyberse-de, gyl sözi arap elipbiýi bilen ýazylan gadymy türkmen tekstlerinde kap, ýa we lam harplary bilen قيل görnüşinde ýazylýar. Indi bolsa Magtymgulynyň goşgularynyň nädogry göçürilen bir bendini gözden geçireliň. Golýazmalarda şeýle bir bent bar:

Diýseler: “Atlan-ha, atlan!”

Süňk çenäp iýr arda syrtlan,

Ýow güni gaýrata gatlan,

Lagnat goýma riş üstünde. (Magtymguly,1992 ý, tom I,  sah-188).

Arap harplarynda ýa, elip we waw bilen یاو görnüşinde ýazylan söz Magtymgulynyň dilinde ýaw okalýar. Bu söz häzirki zaman türkmen diliniň fonetiki düzgünine laýyklykda ýow bolupdyr. Golýazmany göçüren hatdatlaryň goýberen säwliklerine ony çapa taýýarlanlaryň säwlikleri goşulanda, setirler aslyndan has-da daşlaşýar we asly bilen hiç bir baglanyşygy bolmadyk düşünjeler döreýär.

Magtymgulynyň ýokardaky bendiniň ikinji setiri bilen birinji hem-de beýleki setirleriniň arasynda hiç bir baglanyşyk ýok. Şuňa garamazdan, käbir adamlar nädogry-da bolsa, şu setirler barada düşündiriş berýärler. Şeýle düşündirişleriň biriny mysal getireliň:

Diýseler atlan-ha atlan,

Süňk çenäp iýr arda syrtlan.

Syrtlan parsça “kefta:r”. Ol gelşiksiz heýwan bolmaly. Her bir süňki iýjek bolanda ony ardyna çenäp görüp süňk ardyndan çykar öýtse ony iýýän eken. Diýmek ardyňa sygmajak işi, ýagny hötdesinden gelmejek işi etjek bolup azara galmaly däl. Bu şygyr haýwana aýdylsa-da adama yşaratdyr. Ine akyldaryň özi hem bu hakda ardyňa sygmajak işi edip soň utanjyna galmaly däl diýip aşaky setirierinde berk nygtaýar:

Ýow güni gaýrata gatlan,

Lanat goýma riş üstünde”

 Gepleşik dili bilen ýazylan bu söz türkmen diliniň sözlügine-de salynmandyr. Ýogsa, türkmen dilinde bu sözüň “düýp” manysynda asym ýaly, örän giň ulanylyşy bar. “Gorkut Atada”, Mahmut Kaşgaryda-da bu söz bar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynda Magtymgulynyň iň gadymky golýazmasy hasap edilýän kitapda bu setirler şeýle okalýar:

Diýseler atlan-ha atlan,

Suwlyk çeýnäp göýä arslan,

Ýow güni gaýrata gatlan,

Lagnat goýma riş üstüne.

Bu bentdäki suwlyk sözi göçürilende süňk bolupdyr; çeýnäp-de çenäp

diýlip okalypdyr hem ýazylypdyr. Göýä sözi “hamana” we “ýaly” manylarda ulanylýan gu:ýa: diýen pars sözüniň türkmençeleşdirilen görnüşidir. Arap elipbiýinde ýe harpy ortada gelende, aşagynda iki nokat bolýar. Eger şu iki nokat üstünde bolsa /t/ diýlip okalýar. Sözüň asly parsça we گويا görnüşinde ýazylyp gu:ýa: okalýar. Bu sözi, türkmençe aýdylyşyna görä, arap elipbiýinde ýazsak گويه bolýar.

Bu sözdäki iki nokady ýokarda ýazsak, گوته bolýar we ol  arda diýlip okalýar. Ine, Magtymgulynyň golýazmalarynda kynçylyk döreden söz-de şu. Bu ýagdaý golýazmalary göçüren hatdatlaryň ýalňyşyp, nokatlaryň ýerini üýtgetmeklerine sebäp bolupdyr.

Suwlyk ýa-da suwluk hem ‘agyzdyryk’ hem-de ‘selläniň adamyň ýaňagyndan sallanýan ujy’ diýmek. “Suwluk çeýnemek-de” “gaharyň gelip, dişiňi gyjyrdadyp, topulmak” diýmek. Şu düşündirişe görä, ikinji setiriň manysy “Şir ýaly gunuşyp (topulyp)” bolýar. Şeýle okanyňda, onuň Magtymgulynyň goşgusydygy belli bolýar we ýoýulmaýar.

Ýusup AZMUN,

professor, dilçi-türkolog, Magtymguly adyndaky Döwlet

baýragynyň eýesi, Beýik Britaniýanyň Lingwistler institutynyň agzasy.

Ýene-de okaň

“Kejebe” sözüniň gelip çykyşy

Ýara ýaraşar üç müçe we ýara ýaraşar sürmeçe

Gyzyl ýaglykly gyzjagaz we möjek ertekisini möjekden diňläliň!

Heykellere tans oýnatmak: etikanyň çäkleri we emeli intellektiň orny

Çagalara “TikTok” gadagan etmelimi?

Jeýhun bahry joşup Gürgene aksyn