HEKAÝALAR

Söýgi soraşyp gelmeýär

                                                  Hekaýa

Men Işannuryň Ogulla bolan söýgüsi ýaly söýgä hiç bir ýerde gabat gelmedim. Ýogsam özümem söýgi hakynda bir-küç sany hekaýada ýazypdym. Gazetlerde-de şo hakynda zol-zol ýazyýalar. Ýöne olaram meniň ýazyşymdan azyrak gowurak diýmeseň, Işannuryň söýgüsi ýaly söýgüni görkezip bilenoklar.

Işannuryň söýgüsini bolsa, dogrymy aýtsam, men-ä ýazyp biljek däl. Bilemok, ökde saz çalýan, onda-da gyjagy gepledip bilýän synanyp göräýmese. Aý, näbileýin-dä, oňada başartman durubermese.

Işannuryň kalbynda o söýgüniň haçan dörändigini bilemok, ýöne men-ä, şo gezekki oýnan oýunlaryndan soň billim. Sebäp her gezek baýramçylyk bolanda Iaşnnur-a sahna çykyp aýdym aýdardy, Ogulla-da goşgy okardy. Käte-de olar gülüşikli oýnam oýnardylar. Sebäp Ogulara çitannyda işleýärdi, Işannuram klubyň işgäridi. Özem ýöne-möne işgär bolman, gum içinde seýrek bolan garmonam çalyp bilýärdi.

Hasam ol “Durdy bagşyny” owadan edip çalardy. Meň oňa gözüm giderdi. Hemem özümiň saz çalyp bilmeýänime oturyp-oturyp içim ýanýardy.

Oňa derek men durmuşyň kyn ýodasyna düşüpdim – kitaby söýüpdim. Kalbymyň birýerlerinde bolsa, özümede düşnüksiz bolan müňkülli döräpdi. Men şonda, küti-küti kitaplary galdyryp giden ýazarlaryň ilki eline galam aljak bolanlarynda, edil meň bolşum ýaly, şeýle ýagdaýa sezewar bolandyr diýip kagyzdyr galama ylgardym. Niçikmi, elime kagyzdyr galam aldygymam bar zat zym-zyýat bolardy.

Oňa derek men çitanna köp barardym. Özümiň taslaşdyran hekaýalarymy Ogulla okap berýärdim. Ýöne Ogulla men hekaýamy okap çykýançam iki sapar dagy pallardy. Soňam hekaýa ýazylan ak kagyzlary sanaşdyryp şeý diýerdi.

– Öwekge, indi şulaň hemmesine näçe tölärler…

Onsoň men akyllysyrap şeýle jogap bererdim.

– Ýzýanlar zat hantama boup ýazmaýarlar. Okyjyny begendirmek üçin ýazýalar kimdir birini begendirip bilseň, ondan ýokarda zat bamy näme…

Ogulla meni diňlärdi-de, ýene ýuwaşja şeý diýerdi.

– Onyňam dogry… Ýöne ýazyjam bolsa, puluň bolsa gowyda…

Men oňa-da jogap tapardym.

– Alla iki zady birden bermeýä, ýa puly berýä, ýa hekaýany…

– Olam-a şeýle…

Meň gazetlere ony-muny ýazýanymy bilip, obamyzyň dikeňek jahyllary gyza hat ýazyrýardylar. Men şonda garaçynym bilen gyza hat ýazardym. Sebäp, obamyzyň oglanlaram, gyzlaram sadadan gowudy. Olar begenenlerinde-de, gynananlarynda-da, çyny bilen benegip gynanardylar.

Bir gezek obamyzdan biri, özüni hiç bir gyzyň dessanlardaky ýaly söýmeýandigine oturyp-oturyp içiniň ýaýnaýndygyny aýdyp, ene-atalary guda bolup “bolýa-bolýa” edensoňlaram şol öýlenjek gyzyna hat ýazdyrdy. Hatyň mazmuny şu wagtam ýadymda. Ýalňyşmaýan bolsam ol şeýleräk sözler bilen başlanýardy.

“Adaty söýgi hatlary owadan-owadan sözler bilen ýazylýar. Menem ony başaramok.  Her kim oňarmaýan zadyny boýunalsa ýagşy. Maňa seniň özüň düşün…

Ene-ataň seni maňa berseler, sen razy bolarmyň?..”

Yz ýanyndanam gyzyň jogaby gelli.

“Ene-atam razy bolansoň, men razy bolman başga näme edeýin…”

***

Obamyz Işannurdyr Ogulla söýüşýändir öýüdýärdi. Menem şo şeýledir öýderdim. Sebäp, şo döwürler obanyň aktiw ýaşlary kän söýüşerdi. Aýdymçy oglan ýa çitannyçy gyzy söýerdi ýa-da lukman gyzy. Olaryň toýlaram üýtgeşik bolardy. Naharam stoluň üstünde bererdiler. Hat-da, kino-da görkezilerdi. Şo gün öň sagatlap öçüp-ýanýan çyralaram tä toý sowulýança ýanardy.

Şeýdilip ýaşalyp ýördi. Işannur Ogullaň üstünde näçe kökenek bolsa-da, gyz oňa ýowuz jogap bererdi.

– Men söýüp bilemok…

Bu sözüň aňyrsynda gaty kän zatlar ýatyrdy. Hamana, ýigitlik buýsanjymy, ýene gör nämeler ýatyrdy. Sebäp, ýigit çykyp öz obaňda söýülmeseň… Bu iň erbedidi. Şonuň üçin Işannur sataşmasyz derde sataşan ýaly bolly. Ol şol wagtlar meň oglan göwnüme şeýledi. Ýöne so tentek başyma akyl gelip ugrandan soň, söýgüniň her dertçe barlygyna aklym ýetiren ýaly bolupdym.

Iň ýaman ýerem bahym täze ýyl ýetip gelýärdi. Her ýyl täze ýylyň öň syrasy medeniýet işgärleri bolansoň Işannurdyr Ogulla sahnajyklar gurap oýun görkezýärdiler. Oýunlar hasratlam bolsa hezilli. Soň biz tä indiki ýola oýun görkezilýänçä, olaryň agzyna öýkünip özümiz oýnardyk.

Täze ýylyň öň syrasy Işannur aýak üstüne galdy. Oň ýüzünde ýadawlyk bardy. ýöne ol meniň göwnüme ýadawlygam bolsa, ýakymly ýalydy. Sebäp ol söýgüniň ýadawlygydy.

Şol gün obamyzyň köneje klubyna adam bary üýşd. Sebäp, hem-ä oýun görkezilýärdi hemem Täze ýyl mynasybetli sowgat paýlanýardy. Kimdir biriniň: “Soňundan hindi kinoda görkeziljekmişin, özem iki seriýalymyş” diýen sözi hasam bizi begendirdi.

Hanha-da Işannurdyr Ogulla sahnada. Ogulla kellesine ýaglyga derek gültahýa geýipdir. Ol zalymyň gyzyna gowam gelişýä. Işannursm ömür kellesinden aýyrmaýan papagyna derek, aktelpek. Ýöne näme üçindir ol ony gyşygrak geýipdir.

Oýun söýgi hakyndady. Ýigit gyza “seni söýýän” diýýädi. Gyz oňa “menem seni söýýän” diýýädi. Ine, şu ýerde-de tomaşaçylaryň garaşman duran ahwalaty ýüze çykdy. Haçan-da, gyz “menem seni söýýän” diýende, Işannur ýuwaşja pyşyrdap şeý diýdi.

– Şo sözi ýene aýtsana…

Gyz ýene gaýtalady. Haçan-da ol sözüni üç ýolam gaýtalandan soň, Işannur bize –  tomaşaçylara bakyp gussaly pyşyrdy bilen şeýle sözleri aýtdy.

– Adamlar, il-gün eşitdiňizmi?!

Adamlar birbada görkezilýän oýnuň içinde şeýle sözler bardyr öýütdi. Ýöne Işannur soňky sözlerini aýdanda tomaşaçylar gussaly agyr dymdy.

Işannur edil sahnada oýnnaýan ýaly bolup, sözi şundan başlady.

– Ýerbent iliniň adamlary, baryňyz eşidiň… Men şu sözi Ogulla gyzyň agzyndan eşitmek üçin kän garaşyp gezdim… Ýöne durmuşda şowlamadyk söýgüniň sahnada şowlanyna-da şükür edýän… Sahna-da durmuş diýýäler… Ýok… Sahnany ýene gaýtalap bolar. Durmuş gaýtalanmaýar… Eger kim-de kim söýgüniň nämedigine düşünýän bolsa, ol meň sözüme-de düşüner…

Ol bu sözi edil gyzyň özüne aýdýan ýaly edip aýdýardy. Ogullada bir gyrada kemende düşen maral ýaly gözüni balkylladyp durdy.

Şol günden başlabam Işannuryň hasraty obamyzy doldurdy. Ol şondan soňam ýanyny ymykly ýere berdi. Indi obamyzda-da bar gürrüň şoň gürrüňidi. Adamlar kölegede oturyp gürrüň edenlerinde, Işannura nebsiagyryjylyk bilen şeý diýýärdiler.

– Gyzyň ýekeje sözi ýigidi galdyrar…

Ogulla bolsa hiç zat geplemän dymýardy. Özem agyr dymýardy. Işannur bolsa, barha ýere siňmek bilendi. Men oň halyna dözmän, Gülsün ejä, Owulla töwekgel etmegi haýyş ederdim. Gülsün ejede, töwekgelçilige gitmese-de, öz ýanyndan Ogulla käýinerdi.

– Inni näme, Leýli-Mejnun bolup ýaşaýan bamy, hojalygy hor-har etmese boldugydyrda… Ýek-tük bolmasa, hemmelr ýaşamaly diýip ýaşaýyp ýörler-ä… Ýaşaberseň söýgem dörärdä. Näme oň soraşyp geljek gümany bamy…

Men söýgi diýen närsäni tirerden entek oglandym. Onuň beýle-beýle zulumynyň bardygyndanam has daşdadym. Şonuň üçin käte Hudaýa ýalbaran ýaly Ogulla ýalbaryp, Işannura dözmezçilik etmegini haýyş edýärdim.

– Bary-ýogy ýekeje söz, sen birje sözüňi gysganma, “söýýän” diýseň bolany. Sen haçanam bolsa, kimdir birini söýmeli borsuň-ä. Işannury söýüp goýber. Oň täze ädigi bar, garmonam çalyp bilýä. “Seniň gyz wagtyň, meniň ýigit wagtymam” obamyzda ilki ýat tutanam şo. Gulluga gitmese-de, ors dilini bilýä…

Ogulla bolsa kellämden gujaklap şo bir sözüni aýdardy. Özem o sözleri gözlerini ýaşardyp aýdardy.

– Men söýüp bilmesem näme edeýin… eger azajygam söýüp bolýan bolsa, men söýjegä… Ýöne pişik ýaly arkaň sypalanmasa myrlasyň gelenok…

O wagtlar meň oglan başym söýülmänem ýaşalsa ýaşap ýörmelidir öýderdim. Ýöne indi-indiler birek-biregi sussuň alman ýaşamak, bu ýaşaýyş däl-de, häki bir gezek wagt geçirmek ýaly bir zatdygyna aklym aýlandy.

Biz şeýle günleriň şaýady bolup ýaşap ýörkäk Ogullada bir derde sezewar bolly. Muny eşidip Işannur hasam hapa bolly. Ol indi öz derdini unudyp Ogullany alada edýärdi.

– Men näme bolsam şo bolaýyn, Ogulla aýak üstüne galmasa obamyz köp zady ýitirer…

Onuň diýýäni dogrudy. Ogullanyň ýüregi daşdanam bolsa ol sahypjemal gyzdy. Ol başyny dik tutup gezip ýörkä, tutuş obamyz gyzylly halka el ýetiren ýaly bolardy. Muny hemmeler, hat-da garry-gurtularam bilýärdi. Sebäp, obamyzda seretmäge kimdir biri bardy. şonuň üçin bu nägehan keselçilik kimiň baöyna düşse-de, Ýerbendiň Ogullasynyň paýyna düşmeli däldi. Sebäp ýeke obamyzy däl, uly dünýäni owadan edýänem Ogulla ýaly gyzlardy.

Adamyň şu gowgasy ýetik uly dünýede saklanmagy üçin nähilem bolsa goltgy berjek söz, bolman-da ýekeje söz gerekdi. Şo sözem şu gün öňräkden bäri obamyzda tebipçilik edýän Jüýten kempir Işannuryň gulagyna diýen ýaly pyşyrdap aýtdy.

– Hanym, men ýigit bolsam, Ogulla ýaly gyzyň kimi söýýänligini bilmek üçinem, entejikler dünýeden gitmezdim…

Bu söz Işannura güýç beren ýaly etdi. Indi ol Ogullanyň kimi söýýänligini bilmek üçin kesel bilen göreşýärdi. Alladan entejikler ajalyň sabyr etmegini özelenipler dileýärdi.

Men şonda oň bolşundan entejikler ýaşajakdygyna oglanam bolsam aklymy ýetirýädim. Ol sowal ýeke Işannura däl, hemmeler üçin gyzyklydy.

“Ogullanyň – Ýerbendiň Ogullasynyň söýgüsini gazanyp bilen oglan kimkä?” asla gyza özüni söýdürip bilen barmyka?

Jüýten tebip Işannura gowgasy ýetik, ýöne owadan dünýede entejikler ýaşasy getirişi ýaly Ogullada bir-ki sany ýaraýjak, şonuň ýalam oýlandyraýjak sözüni gysganman aýtdy.

– Hakyllym, ýigidiň daşyňda ot-elek bolýanyna sen ony günäkärlemegin. Oň günäkäri seň hiç haçan gaýtalanmajak Alla tarapyn berlen jemalyň. Gör, ol özüniň şeýle halda ýatanlygyna garamazdan Alladan seň saglygyňy dileýär. Rehimli ýürek – çyn ýürekdir. Ol hemişe bagt üçin gürsüldeýändir. Şeýle ýürek seň jemalyň ýaly seýrek bolýandyr.

Jüýten kempir Ogulla başga-da kän zatlary aýtdy. Owadan gyzyň öz owadanlygy bilen sähralarda hemişe ýatlanyp duran yzy galdyrýandygynam duýdurdy.

Jüýten garryň o diýýäni çyndy. Ýerbendiň oýunda başgada yz goýup giden adamlar beýle bir kän bolmasa-da, nusga bolarlyk adamlar bardy. ogullaňam şolaryň biri boljagyna men şonda oglan ýüregim bilen ynanypdym.

Agşam men Ogulla bilen daöa çenli tä düýeler sagylýança gepleşdim. Oňa gürlemek agyr düşýärdi. Ýöne ol onda-da kynlyk bilen gepleýärdi.

– Öwekge, men ony söýüp bilmesemem, oňa nebsim agyrýa…

Hawa, symgylt ýyldyzlaryň şöhlesi düşýän şol gijeler  ol şeý diýipdi. Men o sözi ylgap baryp Gülsün ejä ýetirdim.

– Söýgi bilen nebsi agyrmagyň arasy beýle daşmyka?

Gülsün eje ýumulan agzyndan şeýle sözleri çykardy.

– Ol uly hasratyň kiçijigem bolsa şatlygydyr…

Haçan-da bu sözler Işannuryň gulagyna ilenne, ol hemmeleriň hemişe gorkup ýören zadynyňam beýle bir gorkunç zat däldigini aýtdy.

– Şeýle sözlerden soň dünýe bilen hoşlaşmagam beýle bir kyn däl ýaly bolar…

***

Ondan bäri biziň köneje klubymyzyň gyzykly sahnasy kän-kän Täze ýyllary geçirdi. Ýöne sahnamyz şu ýylyňky ýaly Täze ýyly hiç haçan garşylamandy. Oglan sahnada gyza şeýle diýýärdi.

– Alla meň haýsy eden ýagşy işim üçin ony sataşdyrdyka?

Gyzam oňa eda bilen jogap berýärdi.

– Belki ol, seň rehimli ýüregiň üçindir…

Bu sözler ýazylan dramaturgiýanyň özünde bamy ýa ýok, Ony seljerjek bolýan ýokdy. Sebäp obamyz şeýle oýna öňüräkden bäri garaşýardy…

                                                                          Öwezmyrat ÝERBENDI.

 

Ýene-de okaň

Mukam bagynyň bilbili (hekaýa)

Ata Watan Eserleri

Syryň ýazygy (hekaýa)

Saz (hekaýa)

Bedew nikasy (hekaýa)

Gelinsusan (hekaýa)

Entejikler tanyş sesler eşidilewersin: Akgül Saparowa 60 ýaşady

Ata Watan Eserleri