JEMGYÝET

Sowgatly Atavatan Krossword bäsleşigine gatnaşmak üçin agza bolmak

Mälim bolşy ýaly ertir, has tagygy 13.05.2021 senesinde sagat 15:00-de Sowgatly Atavatan Krossword bäsleşigini geçirýäris. Bäsleşik online teripde geçirilýär we soraglar sagat 15:00-de elýeterli bolar. Bäsleşige gatnaşmak üçin agza bolmak hökmanydyr we agza bolmak üçin şu ýere basyň!

Şol ýerde  agza bolmak üçin Size “adyňyz” we “telefon belgiňiz” we Siziň tarapyndan emele getirilýän “açar sözüňiz” soralar!

Biz ýeňiji bolanlaryň, ýagny 40 soragyň ählisiniň dogry jogabyny online tertipde çözeniň adyny yglan ederis. Şonda telefon belgisini saýta goýmarys, emma, ýeňijiniň pul baýragy diňe agza bolan wagty saýta girizen telefon belgisine iberiler! Şol sebäpli şertleri doly okamak maslahat berilýär.

Hormatly Agzamyz,

Intellektual sahypamyzdaky Atavatan Krossword  her gün täzelenýär we hergün 15 soragy Size berýär. Online görnüşdäki bu Krosswordy online çözüň, wagtyňyzy gyzykly we peýdaly geçiriň!

Şu linkdäki 15 sorag sowgatly bäsleşik üçin berilýän soraglar däldir. Emma, sowgatly bäsleşikdäki beriljek 40 soragyň ählisi,  şeýle hem her gün täzelenýän krosswordymyzdaky soraglaryň ählisi  biziň sorag bazamyzdaky jemi 2000 sany soragyň arasyndan awtomatik usulda saýlanýar.

Biz gelejekde hem, sowgatly bäsleşikleri dowam etmek isleýäris. Şol sebäpli Atavatan Krossword sahypamyza gündelik giriň we hem wagtyňyyzy peýdaly we gyzykly geçiriň, şeýle hem gelejekdäki sowgatly Krossword bäsleşiklerde ýeňiş gazanyň!

Sowgatly Krossword bäsleşikleriniň sponsory Türkmen we Iňlis dillerinde gepleýän, ilkinji sesli Akylly sözlük-Makul Sözlük Applikasiýasy bolup durýar. (www.makulsozluk.com  Applikasiýasyny ýükläp almak üçin şu ýere basyň)

Makul Sözlük Applikasiýasy Bäsleşikde   jemi 5 baýrak goýýar. Her bir baýragyň möçberi  200 manat. Ýeňiji diňe 40 soragyň ählisini dogry çözen ilkinji 5 agza bolar! Şol sebäpli  ähli soraglary ilkinji bolup dogry çözüň we baýragy utuň!

Ýaryşlardan we ýeňijiniň kim bolanlyny ilkinji bolup habarly bolmak üçin  Applikasiýamyzy şu ýere basyp ýükläp alyň!

Türkmen dilindäki ilkinji online krossword sahypasy bolan Atavatan Krossword  sahypasy,  çagalar üçin ýörite çekilen suratlary  parçajyklardan düzmek mümkinçiligi berýän   Makul Puzzle, durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlemi Türkmen we Iňlis dilinde ýazmaça we sesli görnüşde berilýän Makul Sözlem, her gün täzelenýän we 15 sany Türkmençe sözi berýän we Iňlis dilindäki jogabyny tapmaga mümkinçilik döredýän  Makul Krossword, ýokaryda agzalan 700 sözlemiň nähilli düzülýändigini oýun arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýän Sözlemli Oýun, çagalar üçin 375 sany suratdan ybarat  sözleri Iňlis we Türkmen dillerinde sesli we ýazmaça berýän, şeýle hem bu sözleri sözlemler içinde ulanyp görkezýän Suratly Sözlük,  ýokaryda agzalan 375 sözi Iňlis dilinde oýnyň üsti bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýän  Oýunly Sözlük,  kompýuteriňize ýörite programmany ýüklän ýagdaýyňyzda  Siziň bilmeýän sözleriňizi size awtomatiki usulda getirip berýän Makul Sözlük Extension we  Iňlis dilinde söz tapmaga mümkinçilik berýän Makul Sözi Tap kiçi bölümleri biziň Intellektual kiçi sahypasynda öz ornuny tapýar. Siz bu bölümleriň her birini şol bölümiň ady ýazylýan ýere basyp girip görüp bilersiňiz. Bu bölümleriň her biri hem gyzykly hem-de peýdaly bolmak ýaly aýratynlyklary bilen üns çekýär.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/european-union-interview-with-ambassador-extraordinary-and-plenipotentiary-diego-ruiz-alonso/

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi