TEHNOLOGIÝA

Sowgatlar Size garaşýar: “Atavatan Krossword”

Türkmen we Iňlis dillerinde gepleýän, ilkinji sesli “Akylly sözlük-Makul Sözlük” Applikasiýasynyň hemaýatkärliginde geçirilýän “Sowgatly Atavatan Krossword” bäsleşigi 21.07.2021 senesinde sagat 17:00-da başlanýar. Bäsleşige gatnaşmak üçin saýtymyza şu ýere basyp agza bolmaly we soraglara onlaýn tertipde jogap bermeli!

Bäsleşik onlaýn tertipde geçýänligi sebäpli agza bolmak we krosswordy onlaýn tertipde çözmek hökmanydyr.

(www.makulsozluk.com   Applikasiýasyny ýükläp almak üçin şu ýere basyň)

Bäsleşige agza bolmak üçin

Bellemeli zat, geçen gezekki Krossword bäsleşigimizde şol “IP” belgisinden başga agzalar tarapyndan girilen jogaplar hem bar. Başgaça aýdanymyzda, şol bir maşgala agzalary, şol bir jogaplary, şol bir “IP” belgisinden jogaplary giren ýagdaýlary hem bar. Biz sowgatly krossword bäsleşigini yglan edýän wagtymyz okyjylarymyza wagtyny peýdaly we gyzykly geçirmegi üçin goşmaça mümkinçilik döretmegi maksat edindik we kiçijek sowgatlar hem goýduk. Şeýle bolansoň, okyjylarymyzdan her bir krosswordy özleriniň çözmegini haýyş edýäris. Maksat sowgat gazanmak däl, eýsem wagtymyzy peýdaly we gyzykly geçirýän wagtymyz kiçijek sowgatlar bilen şatlanmak!

“Makul Sözlük” Applikasiýasy Bäsleşikde jemi 10 baýrak goýýar. Her bir baýragyň möçberi  100 manat. Ýeňiji diňe 40 soragyň ählisini dogry çözen ilkinji 10 agza bolar! Şol sebäpli ähli soraglary ilkinji bolup dogry çözüň we baýragy utuň!

Hormatly Agzamyz,

Intellektual sahypamyzdaky “Atavatan Krossword”  her gün täzelenýär we hergün 15 soragy Size berýär. Onlaýn görnüşdäki bu Krosswordy onlaýn çözüň, wagtyňyzy gyzykly we peýdaly geçiriň!

Şu linkdäki 15 sorag sowgatly bäsleşik üçin berilýän soraglar däldir. Emma, sowgatly bäsleşikdäki beriljek 40 soragyň ählisi, şeýle hem her gün täzelenýän krosswordymyzdaky soraglaryň ählisi biziň sorag bazamyzdaky jemi 2000 sany soragyň arasyndan awtomatik usulda saýlanýar.

Biz “Sowgatly Atavatan Krossword” bäsleşigini geljekde-de yzygiderli geçirip durmagy meýilleşdirýäris. Şol sebäpli “Atavatan Krossword” sahypamyza gündelik giriň we hem wagtyňyzy peýdaly we gyzykly geçiriň, şeýle hem geljekdäki “Sowgatly Krossword” bäsleşiklerde ýeňiş gazanyň!

Bäsleşikde ýeňijiniň kim bolanlyny ilkinji bolup habarly bolmak üçin Applikasiýamyzy şu ýere basyp ýükläp alyň!

Türkmen dilindäki ilkinji onlaýn krossword sahypasy bolan “Atavatan Krossword”  sahypasy,  çagalar üçin ýörite çekilen suratlary  parçajyklardan düzmek mümkinçiligi berýän   Makul Puzzle, durmuşda iň köp ulanylýan 700 sözlemi Türkmen we Iňlis dilinde ýazmaça we sesli görnüşde berilýän Makul Sözlem, her gün täzelenýän we 15 sany Türkmençe sözi berýän we Iňlis dilindäki jogabyny tapmaga mümkinçilik döredýän  Makul Krossword, ýokaryda agzalan 700 sözlemiň nähili düzülýändigini oýun arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýän Sözlemli Oýun, çagalar üçin 375 sany suratdan ybarat  sözleri Iňlis we Türkmen dillerinde sesli we ýazmaça berýän, şeýle hem bu sözleri sözlemler içinde ulanyp görkezýän Suratly Sözlük,  ýokaryda agzalan 375 sözi Iňlis dilinde oýnyň üsti bilen özleşdirmäge mümkinçilik berýän  Oýunly Sözlük,  kompýuteriňize ýörite programmany ýüklän ýagdaýyňyzda  Siziň bilmeýän sözleriňizi size awtomatiki usulda getirip berýän Makul Sözlük Extension we  Iňlis dilinde söz tapmaga mümkinçilik berýän Makul Sözi Tap kiçi bölümleri biziň Intellektual kiçi sahypasynda öz ornuny tapýar.

Makul Sözlük şeýle hem, her birini mysallar bilen düşündirýän Phrasal verbsIrregular verbsPrefikslerSuffiksler we Idiomalar ýaly kiçi bölümleri özünde jemleýär. Bu kiçi bölümler Siziň Iňlis dilini has aňsat öwrenmegiňize kömek eder.

Siz bu bölümleriň her birini şol bölümiň ady ýazylýan ýere basyp girip görüp bilersiňiz. Bu bölümleriň her biri hem gyzykly hem-de peýdaly bolmak ýaly aýratynlyklary bilen üns çekýär.

ATAVATAN APPLIKASIÝASY TÄZELENDI: INTELLEKTUAL SAHYPAMYZ GOŞULDY

 

Ýene-de okaň

Ilon Mask elektron poçta ulgamyny döreder

Ata Watan Eserleri

Öýler üçin ýokary tizlikli AŞTU internet hyzmaty

Gazagystanda emeli intellekti ösdürmek boýunça geňeş dörediler

Daşoguz şäherinde «Kamaz» okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy

Oksford sözlügi 2024-nji ýylyň sözüni yglan etdi

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy