JEMGYÝET

«Sony» elektrikli ulag öndürdi

Ýaponiýanyň «Sony» kompaniýasy Las-Wegasda geçirilen «Consumer Electronic Show 2020» sergisinde özüniň ilkinji elektrik bilen işleýän ulagyny ― «Vission-S-i» görkezdi. Bu barada «The Verge» neşiri habar berdi.

Ulagda daşky we içki datçikleriň 33-si, giň ekranly displeýerler we «360 Reality Audio» gurluşy ýerleşdirildi. Ulagyň käbir tehniki bölümleri «Magna» kompaniýasyna degişlidir.

Ýeri gelende aýtsak, «BlackBerry», «Bosch», «Nvidia», «Qualcomm» ýaly kompaniýalar hem «Sonynyň» göreldesine eýerip, ýakyn geljekde elektrikli ulag önümçiligine girişmegi meýilleşdirýärler.

«Sony» kompaniýasynyň elektrikli awtoulagy her biri 268 at güýjüne eýe bolan iki sany dwigatel bilen üpjün edilen. Ol sagatda 100 kilometr tizlige 4,8 sekuntda çykýar. Ulagyň aňryçäk tizligi bolsa sagatda 240 kilometrdir.

Kompaniýanyň bu elektrokary köpçülikleýin öndürip başlajak wagty heniz nämälim.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri