Şu gün 25-nji maý — “Soňky jaň” dabaralary ýurdumyzyň ähli künjeginde giň gerimde bellenilýär. Şu gün mekdepleriniň uçurymlary, ökde okuwçylar, olimpiadalaryň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri, bilim ulgamynyň işgärleri özleriniň ýatdan çykmajak baýramyny belleýärler.
Dabaraly pursatlar ýurdumyzyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mekdep okuwçylaryna we bilim işgärlerine ýollan Gutlagyndan başlandy.

Soňra mugallymlardyr ata-eneler uçurymlara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Öz gezeginde uçurymlar hem öz mugallymlaryna we ata-enelerine minnetdarlyk sözlerini aýtdylar .
«Soňky jaň» dabarasyna bagyşlanan aýdym-sazly medeni çärelerbütin ýurdumyzda — paýtagtymyzda, welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň we obalaryň merkezlerinde uly şowhun-şatlyk bilen geçirilýär. Okuw ýylynyň jemlenmegine bagyşlanan dabaralar şu ýyl ilkinji gezek Arkadag şäherinde hem geçirildi.
