JEMGYÝET

Soltansöýün bilen çopan (Rowaýat)

Bir gün Soltansöýün Baýkara danyşment Myralyny ýanyna alyp, agyr goşun tartyp barýarka, olaryň öňünden bir goja çopan çykypdyr. Saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, Soltansöýün çopan bilen gürleşip ugraýar. Olaryň arasynda şeýle gürrüň bolupdyr.

— Ikiň üç boldumy?

— Hawa, patyşahym, üç boldy.

— Yragyňam ýakyna geldimi?

— Hawa, daşdan alyp bilemok.

— Dokuzyň üçe ýetýärmi?

— Oňat baksam-a ýetýär, ýogsam ýetenok.

Çopan bilen hoşlaşyp gidenlerinden soň, esli wagt ýol ýörän Soltansöýün goşunyna ýüzlenip: “Men çopan bilen näme hakda gürrüň etdim? Şony bilseňiz ýene az salymdan düşläp, söwüş edip, birmeýdan ýazylganlyk berjek, bilmeseňiz aýak ýazman ýöremeli borsuňyz” diýipdir.

Soltanyň leşgerleri her näçe kelle döwse-de, şol gürrüňden baş çykaryp bilmändir. Teý-ahyr Myrala ýüz tutmagy makul bilipdirler. Olam:

— Mugt Buharda ýok, bedew atymyň iýmine şam-saba ýumurtga çakyp, nohut garyp bereýin diýseňiz aýdaýyn — diýip degşipdir-de, sözüni dowam edipdir.

—“Ikiň üç boldumy?” diýdigi “Henizem iki aýagyň üstünde ýöräp bilýämiň ýa hasaly gezýärmiň” diýdigi. Çopanam oňa:“Hawa, hasaly gezmesem, iki aýagymyň üstünde gezip bilemok” diýen eken.

“Yragyň ýakynlaşdymy?” diýdigi “Gözüň daşdan alýarmy ýa ýakyndan görýärmiň?” diýdigi.

“Dokuzyň üçe ýetýärmi” diýdigem “Goýunlary dokuz aý gowy bakyp, üç aý gyşdan çykaryp bilýämiň?” diýip soradygy. Onda çopanam: “Ýyl gowy gelse, goýnuň üstünde bek dursam, üç aý gyşdan oňat çykarýaryn, ýogsam gyşdan zordan çykýar” diýen.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistana gelýär

“Arkadag” – “Al-Nassr” futbol duşuşygy: ýörite awtobus gatnawlary amala aşyrylar

“Arkadag”-“Al-Nasr” duşuşygyny dünýäniň 168 ýurdunda tomaşa ediler

«Arkadag» we «Al-Nasr» duşuşygy: 9-njy fewralda metbugat maslahaty geçiriler

Aşgabadyň Olimpiýa stadiony «Arkadag» — «Al-Nasr» duşuşygyna doly taýýar: Janköýerler üçin döredilen şertler

Ata Watan Eserleri

«Arkadag» bilen «Al-Nasr» duşuşygynda VAR ulgamy ulanylar