MEDENIÝET

Şol bir atly 178 adamyň rekordy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde Tanaka Hirokazu atly 178 adam bir ýere jemlenip, Ginnesiň rekordyny goýdular. Şol bir at we şol bir familiýadaky 178 adam bir ýere jemlendi.

Mundan ozal, has takygy 2005-nji ýylda ABŞ-da “Martha Stewart” atly 164 adam bir ýere jemlenip, rekord goýupdy.

Bu rekord Tokioda täzelendi. Tokio şäheriniň kinoteatrlarynyň birinde ýaşlary 3 bilen 80 aralygynda Tanaka Hirokazu atly 178 adam bir ýere üýşdi we rekord hasaba alyndy.

Bu rekordy hasaba almak üçin Tokionyň Şibuýa sebitine ýygnanan 174 adam bilelikde 5 minut geçirdiler we rekordyň hasaba alynmagyna mümkinçilik döretdiler.

Mundan ozal hem Tanaka Hirokazu atly adamlary bir ýere jemlemek göz öňünde tutulypdy. 2011-nji ýylda 71 adam, 2017-nji ýylda bolsa, 87 adam gatnaşypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy