Sindzo Abe üçin döwlet derejesindäki matam çäresi Tokio şäherindäki “Nippon budokan” sport-konsert merkezinde guraldy. Matam çäresinde döwlet gimni ýaňlandy we hormatly garawulynyň geçiş dabarasyndan soňra zalda goýlan uly ekranda Abeniň syýasy durmuşynyň esasy wakalary açyp görkezýän wideofilm görkezildi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida hoşlaşyk sözüni sözläp, Abeniň hökümet baştutany wezipesinde iň köp wagt zähmet çeken ýolbaşçy bolandygyny belledi. Şeýle hem Abeniň iňjeň diplomatiýasy barada durup geçdi.
Matam çäresine 4 müňden gowrak adam gatnaşdy. Olaryň arasynda 700-e golaý daşary ýurt wekiliýeti bar. Olaryň hatarynda ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi, Awstraliýanyň ýolýaşçysy Entoni Albaneze, Singapuryň Premýer-ministri Li sýan Lun, Ýewropa Geňeşinuň Başlygy Şarl Mişel bar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem Ýaponiýada iş saparynda bolýar we bu ýurtdaky döwlet derejesindäki matam çäresine gatnaşýar.