JEMGYÝET

Sian-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawy ýola goýuldy

Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň öňüsyrasynda Sian şäheri bilen Aşgabadyň arasynda ilkinji uçar gatnawy ýerine ýetirildi. Bir döwürler Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça düýeli kerwenleriň öz menziline başlan şäheri bolan Sian bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň paýtagtylaryny howa gatnawlary birleşdirýär. 

Hytaýyň “Sinhua” agentliginiň berýän habaryna görä, şu ýylyň 18-nji maýynda Täjigistanyň Duşanbe şäherinde hem ilkinji gatnaw amala aşyrylar. Şu ýylyň başynda Sian şäherinden Özbegistanyň Daşkent, Gazagystanyň Astana we Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherlerine awiagatnawlary ýola goýlupdy.

Sian-Urumçi-Aşgabat ugry boýunça her hepdäniň şenbe günleri uçar gatnawlary ýerine ýetiriler. Sian şäheriniň ýolagçylary Pekin wagty bilen 17:30-da uçup, Aşgabat wagty bilen 23:10-da Aşgabada gelerler. Şol gün gije 00:40-da Aşgabatdan uçýan uçar Pekin wagty bilen 12:30-da Sian şäherine gonar.

Hytaýyň “China Southern Airlines” awiakompaniýasynyň Sian şäherindäki şahamçasynyň ýolbaşçylaryndan Li Szýusýuanyň bellemegine görä, häzirki wagtda bu gatnaw bilen gulluk we işewürlik saparlarynyň amala aşyrylýar, geljekde bolsa, syýahatçylaryň arasynda hem bu gatnawa isleg bildirilmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýäde bolan iň möhüm wakalar

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji bäbegi Aşgabatda dünýä indi

FIFA täze baýragyň döredilýändigini yglan etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

“Makul Sözlük” – “Ýylyň Makul Sözi-2026”: Yhlas