JEMGYÝET

Si Szinpin: Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasy boýunça teklipleri goldaýarys

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda gelen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy.

Dostlukly döwletiň Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy boýunça türkmen tarapynyň tekliplerini doly goldady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gaz ulgamynyň ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek maksady bilen, gaz hyzmatdaşlygy boýunça döredilen bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.

Ulag we logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol gatnawlarynyň täze ugrunyň geljegi uly hasap edilýär. Bellenilişi ýaly, bu geçelgäniň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin konteýner gatnawlary boýunça dörttaraplaýyn ylalaşygy baglaşmak maksadalaýyk bolar. Şunuň bilen birlikde, taraplar bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki durmuş ähmiýetli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy. HHR-iň Başlygy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň Baştutanyna netijeli söhbetdeşlik, däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça beýan edilen teklipler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy özleri üçin islendik amatly wagtda Hytaýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.

 

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider