Türkmenistanyň Prezidentine doglan güni mynasybetli gutlag hatyny iberen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bu hatynda Türkmenistan Baştutany bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardyrdygyny belleýär.
Gutlag hatynda şeýle diýilýär:
Doglan günüňiz mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Şu ýylyň ýanwarynda Siz Hytaýa üstünlikli sapary amala aşyrdyňyz. Maý aýynda Siz “Hytaý — Merkezi Aziýa” sammitine gatnaşmak üçin ýene bir gezek Hytaýa geldiňiz. Saparyň barşynda biz Siziň bilen dostlukly, netijeli pikir alyşmalary geçirdik hem-de esasy ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça möhüm ylalaşyklary gazandyk. Munuň özi hytaý-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Men hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin we “Bir guşak, bir ýol” atly bilelikdäki başlangyjyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen utgaşdyrylmagyny yzygiderli ilerledip, Siziň bilen ysnyşykly gatnaşyklary saklamaga, energetika hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga taýýardyryn.
