DÜNÝÄ

Si Szinpin HHR-iň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Ählihytaý geňeşiniň halk wekilleriniň 14-nji çagyrylyşynyň delegatlarynyň birinji mejlisinde Si Szinpiniň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine 3-nji gezek 5 ýyllyk möhlete saýlanmagy üçin ses berdiler.

“Sinhua” agentliginiň habar bermegine görä, ses berişlige 2952 adam gatnaşdy. Şol ses berlişikde Si Szinpin Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy.

Hytaýyň iň ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanan Si Szinpin şu ýylyň iýunynda 70 ýaşaýar. Szinpin 2018-nji ýylda Hytaýyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeler we goşmaçalaryň netijesinde, ýokary döwlet wezipesine gaýtadan saýlanmaga mümkinçilik aldy.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň oktýabr aýynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX mejlisinde Si Szinpin hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary wezipesine 3-nji möhlete saýlanypdy.

Si Szinpin 1953-nji ýylda Pekin şäherinde dünýä indi. ol 1974-nji ýylda Hytaýyň ýaşlar Kommunistik geňeşine düzümine girýär. Şol ýerde birnäçe wezipelerde zähmet çekdi. 1999-2002-nji ýyllarda Hytaýyň gündogaryndaky Fuszýan welaýatynyň gubernatory boldy. 2007-nji ýylda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzalygyna saýlanýar. 2008-nji ýylyň martynda HHR-iň wise-başlyklygyna saýlanýar.

Si Szinpin 2012-nji ýylyň noýabrynda  Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetine we Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Harby geňeşiniň başlyklygyna saýlandy.

2013-nji ýyldan bäri Si Szinpin HHR-iň Başlygy we HHR-iň Merkezi harby geňeşiniň Başlygy wezipelerini alyp barýar.

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň wekiliýeti üçin medeni maksatnama guraldy

Gruziýanyň Parlamentinde duşuşyk: parlamentara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary

ABŞ-nyň ýörite wekili Türkmenistanyň daşary işler ministri bilen duşuşdy

Atçylyk sporty ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

FAO-nyň Baş direktorynyň Türkmenistandaky duşuşyklary

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň ýanyndaky Ykdysady meseleler boýunça toparynda başlyklygy kabul etdi