SPORT

“Serie A” futbol çempionaty: duşuşyklar 31-nji maýda başlar we tomaşaçysyz geçiriler

Italiýada wideo konferensiýa görnüşinde “Serie A” futbol çempionatynda çykyş edýän futbol klublarynyň wekilleriniň ýygnagy geçirildi. Onda ýurtda futbol çempionatyny täzeden başlamak meselesi seredildi. Bu babatda 4-nji maýda türgenleşige, aýyň ahyrynda bolsa, ýagny 31-nji maýda oýunlara başlamak meýilleşdirilýär.

Çempionatyň guraýjylaryň pikirine görä, 31-nji maýda oýunlar täzeden başlansa we her üç günden bir gezek duşuşyklar geçirilse, 2019-2020-nji ýylyň möwsümini iýul aýynyň ahyrynda ýa-da 3-nji awgustda tamamlanyp biler. Şondan soň, toparlara dynç almak we taýýarlanmak üçin bir aý töweregi wagt berler we täze möwsüm sentýabr aýynyň başynda başlar.

Şol bir wagtyň özünde koronawirus pandemiýasynyň has köp ýaýran ýerleriniň toparlary – “Milan”, “Inter”, “Atalanta” we “Bresia” bitarap meýdanlarda türgenleşmeli we oýnamaly bolup biler. Çempionata gatnaşyjylaryň köpüsi ähli oýunlaryň tomaşaçysyz geçirilmelidigine ynanýarlar, janköýerleri münberlere gaýdyp getirmek hakda pikir etmek entek irräkdigi belläp geçýärler.

Ýene-de okaň

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri

Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlary badalga aldy