JEMGYÝET

Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy. Mary welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň Serhetabat we Oguzhan etrap häkimlikleri ýatyryldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetine Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri girizmek tabşyryldy.

Mary welaýatynyň häkimligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Mary welaýaty :dolandyryş-çäk gurluşy boýunça teklipler

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri