JEMGYÝET

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişdi

Şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen prezident saýlawlaryna ynamly ýeňiş gazanan Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine resmi taýdan girişdi.

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda Ruhyýet Köşgünde Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň resmi taýdan işe girişmek dabarasy boldy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dabara Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary, agzalary we deputatlary, Hökümetiň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, hukuk goraýjy we harby edaralaryň gullukçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wekilleri, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçileri, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, giň jemgyýetçilik köpçüligi gatnaşdy.

Dabaranyň başynda hormat garawulynyň esgerleri dabaraly ýagdaýda dabaraly sazyň owazynyň astynda zala Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tugyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny we mukaddes Gurhany getirdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlarynyň netijelerini yglan etmek üçin, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berildi we saýlawlaryň netijeleri täzeden yglan edildi.

Dabarada mährem eneler ak ýol arzuwlamagyň nyşany hökmünde ak keçe ýazyp, duz-çörekli, ýagşy dilegler etdiler.

Ruhyýet köşgünde resmi taýdan işe girişmek dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk etmek hakynda kasam etdi.

“Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek bilen, öz üstüme ýüklenen beýik borçlary mukaddes we ak ýürek bien, hormat bilen we ýadawsyz ýerine ýetirmäge; Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygyny hem-de bitaraplyk hukuk ýagdaýyny goramaga; adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlamaga hem-de goramaga; Türkmenistanyň Konstitusiýasy berjak etmäge we goramaga; ähli güýjümi we ukybymy türkmen halkynyň agzybirligine, onuň parahat durmuşyny goramak üçin sarp etmäge, tükmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň şöhratyny has-da belende göterilmegi üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanmaga; türkmen halkyna wepaly we dogruçyl hyzmat etjekdigime dabaraly kasam edýärin”.

Soňra täze saýlanan döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň şahadatnamasy gowşuryldy. Ýurdumyzyň ýaşululary hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Prezidentiniň Tapawutlandyryjy nyşanyny hormat bilen gowşurdylar.

Saýlanan döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişendigi dabaraly yglan edilýär. Türkmenistanyň Prezidenti dabara gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti halk köpçüliginiň uly dabara we şowhun bilen ugratmagynda «Oguz han» köşkler toplumyna ugrady.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasy mynasybetli harby ýöriş guraldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Kabul ediş merkezinde geçirilen dabara gatnaşdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň döwlet münberinden geçirilen baýramçylyk dabarasy asmana atylan feýerwerkler bilen utgaşyp gitdi.

Owganystan Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi