JEMGYÝET

Serdar Azmun Aziýanyň iň güýçlüleriniň hatarynda

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň «Zenit» toparynda futbol oýnaýan eýranly türkmen Serdar Azmun «FOX Sports Asia» neşiri tarapyndan «Aziýanyň iň gowy futbolçysy ― 2019» ses berlişiginde ady görkezilen 24 futbolçynyň hataryna girizildi. Ýakynda ol Aziýanyň Futbol konfederasiýasy tarapyndan yglan edilen ses berlişikde hem ilkinji üçlüge girmegi başarypdy.

Neşiriň geçirýän ses berlişigine diňe bir aziýaly futbolçylar däl, eýsem, Aziýa yklymynda futbol oýnaýan beýleki yklymlaryň wekilleri hem goşuldy. Has takygy, sanawdaky futbolçylaryň diňe 20-si aziýaly, galan dört futbolçy bolsa başga yklymlaryň wekilleri. Has takygy, sanawda Fransiýadan Befetimbi Gomisiň, Italiýadan Sebastian Jowinkonyň, Braziliýadan Paulinýonyň we AlŽirden Bagdad Bunejonyň atlary hem bar.

«Titan Sports» we «FOX Sports Asia» neşirleriniň ses berlişigi 2013-nji ýyldan bäri geçirilýär. Onuň geçen ýylky ýeňijisi koreýaly Son Hyn Mindir. Angliýanyň «Tottenheminiň» hüjümçisi 2018-nji ýylda 206 ses toplap (29,3 %), ýaponiýaly Makato Hasebeni («Antraht Frankfurt», 9,1 %) we Aliriza Beiranwandy («Persipolis», 7,1 %) yzda faldyrypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen FAO guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi

ABŞ-nyň ýörite wekili Serjio Goruň Türkmenistana sapary

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna täze ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Ýewropa Bileleşiginiň ýörite wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy guralar

Türkmenistanda FAO-nyň wekilhanasyny döretmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi