BIZNES

«Senagat-innowasiýa modeli ýurdumyzyň esasy strategiki ugry» atly ylmy-amaly maslahat geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Senagat — innowasiýa modeli ýurdumyzyň esasy strategiki ugry» atly ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

21-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu forumy Maliýe we ykdysadyýet ministrligi gurar. Oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriň wekilleri gatnaşar. Maslahatyň esasy meseleleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, maliýe-salgyt, pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durnukly ösüşi üpjün etmekde innowasiýalaryň ähmiýeti hem-de beýleki ugurlar bilen baglanyşykly bolar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň ýurdumyzyň ähli pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, senagat taýdan ösüşe, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga we halkymyzyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder