ATAWATAN ESERLERİ

Senagat 4.0 — sanly tehnologiýalara esaslanýan öwrülişik

Her bir geçen gün beýlekisine meňzemeýän hem bolsa taryhçylar “taryh gaýtalanýar” diýýärler. Bu pikirde hakykatyň ýeterlik paýy bar. Dogrudanam her geçen gün taryha girýär, gelen gün bolsa täze wakalara beslenýär. Ýöne taryha çuňňur nazar aýlasaň, geçmişiň we şu günüň wakalarynyň arabaglanyşygyny görmän geçip bolanok. Bir mahal bolup geçen wakalaryň we şu gün bolup duran hadysalaryň arasyndaky meňzeşlik ünsüňi çekýär.

Häzirki  ýaşaýan zamanamyzda ylym we tehnika örän çalt depginde pajarlap ösýär. Geçmişde-de her döwür üçin ozalkydan has güýçli, tiz ýaly görnen ösüşler we özgerişler adamlaryň ünsüni çekip gelipdir. Şeýle çalt amala aşýan we düýpli özgerýän hadysany “öwrülişik” diýip atlandyrýarlar. Bu gün ylmy çeşmelerde we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde “Senagat 4.0” ýa-da “Dördünji senagat öwrülişigi” diýilýän düşünjelere ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Bu düşünjeler köplere tanyş bolmasa-da, taryhçylara mälimdir. Şu ýerde sanly ulgamyň uly möçberde ornaşdyrylmagynyň näme sebäpden “Dördünji senagat öwrülişigi” diýlip atlandyrylýandygy barada gysgaça gürrüň edeliň.

Düşünjäniň döreýşi we gysga taryhy. Dördünji senagat öwrülişiginiň başlananlygy barada ilkinji bolup Klaus Şwab belläpdir. Ol meşhur ykdysatçy, Dawos (Şweýsariýa) Bütindünýä ykdysady forumynyň esaslandyryjysy we ýerine ýetiriji direktorydyr. Onuň aýtmagyna görä, adamzat jemgyýeti häzire çenli üç sany senagat öwrülişigini başdan geçirdi. Häzir bolsa onuň dördünjisini garşy alýar.

Öz ýazan “Dördünji senagat öwrülişigi” atly kitabynda Klaus Şwab birinji senagat öwrülişiginiň 1760-1840-njy ýyllarda bolup geçendigini we onuň bug bilen işleýän enjamyň oýlanyp tapylmagy bilen baglydygyny ýazýar. Ikinji öwrülişik XIX asyryň ahyryna we XX asyryň başyna gabat gelýär. Onuň başlangyjynyň alamatlary hökmünde hem ýagtylyk çyrasynyň oýlanyp tapylmagy, elektrik togunyň we konweýerli önümçiligiň ýaýramagy görkezilýär. Üçünji senagat öwrülişigi bolsa geçen asyryň 60-njy ýyllarynda ýarymgeçiriji diodlaryň oýlanyp tapylmagy bilen bolup geçdi diýip, awtor belleýär.

Häzirki öwrülişik we onuň alamatlary. Bu günem tutuş dünýäde senagat düýpli öwrülişigi başdan geçirýär. Göwrümi, ýaýrawy we çylşyrymlylygy babatda bu günki senagat öwrülişigi ozalkylardan has ýokarydyr. Ol biziň durmuşymyzy düýpgöter üýtgedýär. Häzir bir dürli ugurlarda haýran galdyryjy tehnologik öňegidişlikleriň şaýady bolýarys: emeli aň, robotlaşdyrma, üç ölçegli çap ediş (3D printing), nano- hem-de biotehnologiýalar we beýlekiler.

Başdaky üç öwrülişikler diňe täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy bilen şertlendirilýän bolsa, dördünji senagat öwrülişiniň tapawutly tarapy tehnologiýalaryň ýaýraýyş we olaryň ulanylyş häsiýetiniň tizligindedir.

Täze-täze döreýän sanly tehnologiýalar özünde ösüşiň uly mümkinçiliklerini jemleýär, ýöne şol bir wagtda-da olar uly töwekgelçilikler bilen baglydyr. Şeýle ösüşde döwürden yza galmak örän aňsat. Sebäbi dördünji senagat öwrülişigi juda çalt bolup geçýär. Sanly ulgamy ýola goýmakda aýry-aýry taraplaryň (döwletleriň, guramalaryň, kompaniýalaryň we ş.m.) çözgütleri kabul ediş tizligi we ösüş derejesi biri-birinden tapawutlanýar. Degişli çözgütleri kabul etmekde dessinlik görkezen we ösüşi ýokary derejä çykarmagy başaran taraplar onuň miwelerini görse, bu babatda haýalýagallyga ýol berenlere yzagalak topara düşmek  howpy abanýar.

“Senagat 4.0”. Bu adalga hut şeýle görnüşde ilkinji gezek 2011-nji ýylda Germaniýanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň strategik meýilnamasynda agzalyp geçilýär. Bu meýilnama maglumat tehnologiýalary ulgamynda uly ösüşi gazanmagy göz öňüne tutýar. Biziň döwletimizde-de bu adalga köplenç dördünji senagat öwrülişiginiň sinonimi hökmünde peýdalanylýar. Emma ilkibaşda ol has dar manyda ulanylýardy. Ýagny ozal bu düşünje enjamlaryň ähli böleklerine datçikleriň kömegi bilen önümçiligiň sanlylaşdyrylmagyny we kiberfiziki ulgamlaryň ornaşdyrylmagyny hem-de ähli elýeterli maglumatlaryň seljerilmesini aňladýardy.

Başgaça aýdylanda, bu akylly zatlaryň önümçiligidir. Meselem, geljegiň önümçilik zynjyrynyň nusgasyna görä, siziň telefonyňyz özüniň “ömrüniň” azalýandygyna aňsa, bu barada özi habar berýär. Zawodda awtomatik ýagdaýda täze telefony öndürmek wezipesi ýola goýlar. Haçanda siziň telefonyňyz doly hatardan çykan badyna oňa derek täze öndürilen telefon siziň üçin amatly ýere iberiler.

Ine, täze döwrüň senagat öwrülişiginiň gurluşy şeýleräk göz öňüne getirilýär. Bu diňe ýekeje we ýönekeý mysaldyr. Ýakyn geljekde önümçilik prosesleriniň düýbünden üýtgemegi bilen ykdysadyýetiň hem doly özgermegine garaşylýar. Şol özgerişde yza galmazlyk üçin döwrüň tizligi bilen deň aýak urmak esasy şert bolup durýar.

 

Kerimmuhammet Muhammetorazow,

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.

 

Tokio-2020: Türkmenistan medally ýurtlaryň sanawynda

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri