DÜNÝÄ

Sebitara hyzmatdaşlygyň täze sahypasy Awazada açylar

 Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň çäklerinde ýurdumyzyň  halkara giňişliginde tutýan orny barha giňeýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň karary bilen, 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty geçiriler.

     Bu çözgüt dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde Türkmenistanyň eýeleýän ornunyň we abraýynyň barha artýandygynyň hem-de ýurdumyza bildirilen ynamyň beýanydyr. Şeýle hem bu maslahat sebitara hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açyp, hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berer.

Maslahatyň maksady – deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag we logistika ulgamlaryny ösdürmek, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmek hem-de şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekdir.

Foruma BMG-niň agza ýurtlaryndan, halkara maliýe guramalaryndan, sebit birleşmelerinden ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem halkara bilermenleriň, ylmy jemgyýetçiliginiň we işewür toparlaryň gatnaşmagynda maslahatlar, tegelek stollar we ikitaraplaýyn duşuşyklar guralar.

Maslahatda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Bu halkara çäre Türkmenistanyň diňe bir sebitara hyzmatdaşlykda däl, eýsem dünýä derejesindäki möhüm meseleleriň çözgüdinde hem işjeň we ynamly hyzmatdaşlygyny görkezýär. Sebitara hyzmatdaşlygyň täze sahypasy Awazada açylýar – ösüşiň we hyzmatdaşlygyň täze eýýamy başlaýar.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi