DÜNÝÄ

Saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär

Türkmenistanda möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka — Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýetip gelýän saýlawlaryna taýýarlyk işleri depginli dowam edýär. Ýerlerde okrug saýlaw komitetleri işleýär, şeýle-de uçastok saýlaw toparlary döredildi, olaryň işgärleri üçin okuw maslahatlary geçirilýär. 26-njy martda geçirilmegi meýilleşdirilen bu çäre türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň, halk häkimiýetliligi ýörelgelerini pugtalandyrmagyň ýolunda ädilen täze anyk ädim bolar.

Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlaw möwsüminiň her tapgyrynyň möhletleri saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanan meýilnamasynda bellenendir. Häzirki wagtda dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär we bu çäre 24-nji fewrala çenli dowam eder.

Ähli ýerlerde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça komitetleriň mejlisleridir ýygnaklary geçirilýär. Olarda kanun çykaryjy häkimiýetiň ýokary edarasynda halkyň bähbitlerine wekilçilik etmek ynanyljak dalaşgärler barada pikir alşylýar.

Dalaşgärleriň hatarynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, şol sanda bilim, saglygy goraýyş, durmuş üpjünçiligi, medeniýet, ylym, senagat, ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri we beýlekiler bar.

Şunuň bilen birlikde, 4-nji fewralda dalaşgärleri bellige almak başlandy, bu çäre 28-nji fewralda tamamlanar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi