Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakanyň — bäsdeşlik esasynda guralan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň netijelerine garaldy.
Merkezi saýlaw toparynyň şu ýylyň 14-nji martynda geçirilen jemleýji mejlisinde kabul eden karary esasynda we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini — 72,97 göterimini alan dalaşgär — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.
Mejlisde täze saýlanan döwlet Baştutany ýygnananlara gutlaglary we hoşniýetli sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, gysgaça söz sözledi.
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň raýatlaryna ýüzlenip, saýlawlara işjeň gatnaşan ildeşlerimize, özi üçin ses berip, ynam bildiren saýlawçylara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmek, onuň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda uly işleri amala aşyrandygyny nygtap, ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde has uly wezipeleriň durýandygyny nygtady. Bu wezipeler Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» jikme-jik beýan edildi.
Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda kemala gelen ösüş ýoly, syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-durmuş babatda başy başlanan özgertmeler dowam etdiriler, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejelerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmak ugrunda tagalla ediler.
Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýygnananlary we ähli türkmenistanlylary halkymyzyň bildiren beýik ynamyny Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda asudalygy, howpsuzlygy üpjün etmek, dünýäde parahatçylygyň, özara ynanyşmagyň berkarar bolmagyna ýardam bermek, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hem-de mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň bähbidine bitirjek işleri bilen ödejekdigine ynandyrdy.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baştutany wezipesine täze saýlanan Serdar Berdimuhamedowy ýurdumyzyň kanunçylygyna we umumy kabul edilen hukuk kadalaryna laýyklykda, bäsdeşlik esasynda, aç-açanlyk hem-de aýdyňlyk ýagdaýynda geçen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bu ýeňiş biziň halkymyzyň bildiren ynamynyň netijesidir. Adamlaryň ynamy bolsa mukaddesdir we hökman ödelmelidir. Munuň üçin, ilki bilen, Watany hem-de mähriban halkyňy çäksiz söýmeli. Hemişe halkyň aladasy bilen ýaşap, ähli güýjüňi, tagallaňy onuň bähbitlerine gönükdirmeli. Eger gerek bolsa, Watanyň we halkyň üçin janyňy hem bermäge taýýar bolmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidentiniň bu ynamy ödejekdigine ynam bildirdi. Arkadag Prezidentimiz berk jan saglyk, uzak ömür, her bir türkmenistanlynyň, her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň ähli halkynyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine köptaraply işinde üstünlikleri arzuw edip, halk üçin ähli amala aşyrjak wezipesinde diňe üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw etdi.
Türkmenistanyň saýlanan Prezidentine Daşary ýurt Liderlerden gutlaglar