DÜNÝÄ

«Saud–Türkmen gatnaşyklary» atly «tegelek stol» maslahaty geçirildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu günler Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al-Saud ýurdumyzda saparda bolýar.

2022-nji ýylyň 19-njy dekabrynda hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň arasynda tegelek stol maslahaty geçirildi.

Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda berlen habara görä, oňa bu ýokary okuw mekdebiniň, Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al-Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öň ýanynda daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binalaryna aýlanyp gördüler hem-de institutda ýokary bilim alýan ýaşlar üçin döredilen giň mümkinçilikler, ýokary okuw mekdebinde hereket edýän okuw studiýasy, elektron gazetiň redaksiýasy we «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşigi üçin ýörite taýýarlanylan «Türkmeniň ak öýi» bilen ýakyndan tanyş boldular.

Maslahatdan soňra Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň öňünde leksiýa bilen çykyş etdi.

Soňra saud wekiliýeti Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Ertir — 20-nji dekabrda Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň Emir Saud Al Faýsal adyndaky Diplomatiýany öwreniş institutynyň wekiliýetiniň Aşgabat şäherindäki muzeýlere, söwda we medeni-dynç alyş merkezlerine gezelençleri guralar.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri

Owganystanda TOPH gaz geçiriji taslamasy boýunça duşuşyk

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi